Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: aktiwistiň jesedi tapyldy


Prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkmiýetden çetleşdirilmegine getiren protestlere gatnaşan milletçi ukrain aktiwistiniň we žurnalistiniň jesedi, alnyp gaçylandan bir gün soň, Kiýewiň daşyndaky tokaýdan tapyldy.

Milletçi Swoboda partiýasynyň beýanatynda Wasil Sergiýenkonyň jesedinde gynag yzlarynyň bardygy aýdylýar.

Aktiwistiň jesedi paýtagtyň 120 km uzaklygyndaky Wigraýew obasynyň golaýyndaky tokaýdan, zir-zibiliň aşagyndan tapylypdyr.

Sergiýenko fewralda Ýanukowiçe garşy protestleri gurnamaga kömek edipdi we polisiýa bilen çaknyşan milletçi öz-özüňi goramak toparlarynyň biriniň agzasydy.
XS
SM
MD
LG