Sepleriň elýeterliligi

Serhedabadyň ysly keselhanasy


Serhedabat şäherçesiniň keselhanasyny daşyndan göreniňde, ony Serhedabadyň iň döwrebap binalarynyň arasyna goşsa bolar diýdirýär. Öz wagtynda iň gowy binalaryň biri bolan bu keselhananyň daşky görnüşi häzirem sowet gurluşyk stilini saklap galypdyr.

Daşy gök reňke boýalan we üç gatdan ybarat bu keselhananyň daş-töwereginde häzir gyssagly bejeriş işleri alnyp barylýar. Ýerleşýän ýeri şäheriň merkezine ýakyn bolansoň, bu keselhananyň ilatyň gatnawy üçin belli bir derejede amatlydygny hem aýtsa bolar.

Tapawutly ys

Ýöne welin keselhananyň içi barada aýdanyňda, onuň daşyndan ep-esli tapawut edýändigi belli bolýar. Adatça, keselhanalar däri-dermanlaryň ysy bilen tapawutlanýar. Emma Serhedabat şäherçesiniň keselhanasynda derman yslary bilen birlikde jaýyň aşagyndaky ýerzeminden gelýän hapa suwlaryň ysy hem bar.

Meger, bu diňe Serhedabat şäherçesindäki keselhana mahsus bolan bir ys bolsa gerek. Hapa suwuň ysy ýerzemindäki turbalardan syzyp çykýan suwlardan gelýär. Ýakymsyz hapa suwlaryň ysy jaýyň birinji gatynda has-da ýiti duýulýar.

Sowet döwründen galan turbalar indi 20-30 ýyl töweregi wagtdan bäri poslap, çüýräp gidensoň, indi ulanyşa ýaramaýar. Käbir lukmanlaryň aýtmagyna görä, kanalizasiýa turbalarynyň meselesi öz wagtynda degişli ýolbaşçylara hem ýetirilipdir. Ýöne ýüz tutulandygyna garamazdan, bu babatda hiç hili çäre görülmändir. Bu ýagdaý ýyldan ýyla dowam edip gelýär.

Medisina işgärleriniň sözlerinden çen tutsaň, köne turbalardan syzýan suwlar tutuş hassahananyň sanitar düzgünlerini sorag astynda goýýar. Turbalaryň beýle gözgyny ýagdaýynyň sebäbi nämeden, ol keselhananyň administrasiýasynyň öz geleňsizligindenmi ýa-da bu saglyk öýüniň maliýeleşdirilmesindäki kemçiliklerdenmi, muny anyklap bolmady.

Derman ýetmezçiligi

Keselhana, bir tarapdan, gymmat bahaly ýokary tehnologiki enjamlar alynýan bolsa, beýleki tarapdan, bu ýerde derman ýetmezçiliginiň bardygy bellenilýär.

Üç-dört bölümden ybarat bolan hassahanada reanimasiýa, ýagny intensiw bejergi otaglary, hirurgiýa we bäbekhana, ýagny çaga dogrulýan bölüm bar. Bu bölümler iň zerur we gyssagly medisina kömegi berilýän bölümler. Olaryň ählisi-de döwlet üpjünçiliginde işleýän bölümler, ýöne, muňa garamazdan, hassalar özleriniň gerekli däri-dermanlar bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigini aýdýarlar.

Dermanlaryň ählisini hassalaryň özleriniň ýa bolmasa-da olaryň hossarlarynyň almaly bolýandygyny aýdýarlar. Derdine em gözläp gelenler, soňky wagtlar bejergi almak üçin harajadyň köp bolýandygyny, hatda käbir ýeňilräk kesellerden bejergi almak üçinem azyndan 400 manat pul harçlamaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Hassa bolsaň, gözüňe pul görnenok, ýöne welin puluny berseňem, janyňa şypa tapsaň bolýar, diýip, serhedabatly ýaşuly Serdar aga Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, derman ýetmezçiligi bilen birlikde bu saglyk öýünde öz işine ussat hünärmenler hem ýyl-ýyldan azalýar. Aslynda welin, keselhanadaky bejeriş işlerini gowulandyrýan ýokary bilimli we tejribeli hünarmenler gaýta ýyl-ýyldan köpelmeli diýip, ol öz pikirini beýan edýär.

Hünärmenler

Ýokary derejeli hünärmenleriň ýetmezçiligi keselhanada ýiti duýulýar. Bu saglyk öýüniň täze medisina enjamlary bilen üpjün edilendigine garamazdan, lukmanlaryň käbir keselleri dogry anyklap bilmeýändiklerini aýdýan hassalaram az däl.

Germaniýada öndürilen ýokary tehnologiki medisina enjamlary bilen üpjün edilendigine garamazdan, bu keselhanada olary göwnejaý ulanyp bilýän hünärmenleriň ýoklugy sebäpli eýýäm ençeme wagtdan bäri ol gymmat bahaly enjamlaryň işledilmeýändigi barada-da habarlar ýeterlik. Şol sebäpden lukmanlaryň özlerem bu etrapda çynlakaý derde uçran hassalary göwnejaý bejergi almak üçin Mary şäherine ýa bolmasa Aşgabada ugratmagy maslahat berýärler.

Ýöne welin, adamlaryň sözlerinden çen tutulsa, ozal hem näsaglyk zerarly ysgyndan gaçan adamlara Serhedabatdan Mara çenli 300 km gowrak ýoly geçmek aňsat iş däl, uzak ýol hassalaryň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrýar.

Serhedabat etraby Mary welaýatynyň iň uzak etraplarynyň biri. Gürrüňini edýän keselhanamyz bolsa bu etrabyň azyndan 50 000 adamdan ybarat ilatyny medisina kömegi bilen üpjün etmeli

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG