Sepleriň elýeterliligi

Donetsk: Orsýetparazlar "garaşsyzlygy" yglan etdiler


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň regional administrasiýasynyň jaýyny eýelän orsýetparaz aktiwistler garaşsyz “Donetsk halk respublikasynyň” döredilýändigini yglan etdiler we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine bu regiona parahatçylygy goraýjy güýçleri ibermek haýyşy bilen ýüz tutdular.

Orsýetçi aktiwistler soňra basylyp alnan jaýdan çykyp, bu karary bu ýerde jemlenen birnäçe müň adamyň öňünde yglan etdiler. Şeýle-de olar Donetskiniň geljegi boýunça referendumyň 11-nji maýa çenli geçiriljekdigini habar berdiler.

“Ukraina garşy plan”

Donetskiniň gubernatory Serhiý Toruta hökümeti regionyň milli howpsuzlygy boýunça gyssagly döwlet maslahatyny geçirmäge çagyrdy.

Ol “Donetsk, Luhansk we Harkow regionlarynda amala aşyrylan planlaryň parahatçylyk, sosial we ykdysady taýdan durnuksyzlyk” döredýändigini aýtdy.

Duşenbe güni irden Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Ukrainanyň gündogarynda protestçileriň birnäçe regional edaralary basyp almagynda Orsýeti aýyplady.

Ýatsenýuk Kiýewde geçirilen hökümet maslahatynda “Ukraina garşy planyň amala aşyrylýandygyny we oňa laýyklykda daşary ýurt goşunlarynyň serhetden geçip, Ukrainanyň giňişligini eýelejek bolýandygyny” aýtdy. Ol wise-premýer Witaliý Ýaremanyň Donetskä baryp, dartgynlylyk bilen baglylykda çäre görmelidigini belledi.

Ýatsenýuk Ukrainanyň gündogaryndaky osýetparaz protestçileriň ýurdy federallaşmaga çagyrmaklarynyň “Ukrainany bölmek we dargatmak maksadyna” gönükdirilýändigini aýtdy: “Bir aý mundan öň bolan ullakan protestler tamamlandy, emma 1000-1500 adamlyk, ors aksenti bilen gepleýän radikal topar häzirem bu regionda galýar. Olar öz hereketlerini daşary döwletleriň ýörite toparlary bilen sazlaşdyryp, gozgalaň turuzýarlar we jemgyýetçilik binalaryny eýeläp, we ýagdaýy dartgynlaşdyrýarlar”.

Ýatsenýuk içeri işler ministri Arseniý Awakowyň Harkowda meseläni çözmäge synanyşýandygyny aýtdy. Şeýle-de Ýatsenýuk köp sanly orsýet goşunlarynyň henizem Ukrainanyň gündogar serhedinde ýerleşýändigini belledi: “Orsýetiň goşunlary Ukrainanyň serhedinden 30 kilometr uzaklykda galýarlar. Iş ýüzünde hiç kim hiç bir goşun bölümini yza çekenok”.

Ýatsenýugyň bu kommentarileriniň öňüsyrasynda orsýetparaz aktiwistler ýekşenbe güni Lugansk şäherinde döwlet howpsuzlyk edarasyny eýeläp, duşenbe güni bu edaranyň ýaraglaryny alyp, şäheriň esasy köçesini beklediler.

Polisiýa Luganskdäki ähli köçeleri ýapdy.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, Harkowda regional administrasiýanyň jaýlary orsýetçi protestçilerden boşadylypdyr. Olar adminsitrasiýa ýekşenbe güni hüjüm edipdiler.

Krymdaky çaknyşyk

Ukrainanyň Goranmak ministrligi Krymyň gündogar böleginde Orsýetiň harby gullukçysynyň Ukrainanyň ýaragsyz harby-deňiz ofiserini atyp öldürendigini habar berdi. Bu wakanyň ýekşenbe güni Nowofýodorowka şäherinde bolandygy aýdylýar.

Orsýetiň harby güýçleri Krymy geçen aýda eýelediler we Ukrainanyň Krym ýarymadasynda, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedik, emma bu regionyň durumynyň düýpli üýtgemegine getiren referendumy geçirdiler. Munuň yzysüre-de Moskwa Krymy Orsýetiň bir bölegi diýip yglan etdi. Moskwanyň bu hereketi halkara derejesinde giňden ýazgaryldy.
XS
SM
MD
LG