Sepleriň elýeterliligi

​Wengriýa: Orban ýeňişini yglan etdi


Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban merkezi Ýewropa ýurdunda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde özüniň “Fidesz” partiýasynyň goldawçylaryna ýüzlenip eden çykyşynda Orban saýlawlaryň netijeleri iş orunlaryny döretmekde, maşgalalary goldamakda we milli özygtyýarlylyk ugrunda göreşmekde hökümetiň alyp barýan syýasatynyň ykrar edilmegidir diýdi.

Wengriýada saýlaw býullitenleriniň takmynan 96%-niň sanalmagy netijesinde “Fidelsz” partiýasy ýurduň 199 orunlyk parlamentinde 133 oruny eýelemäge tarap barýar. Bu hem olaryň gelejekki hökümeti düzjekdigine kepil geçýär.
XS
SM
MD
LG