Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​“Donetsk halk respublikasyny” yglan edildi


Ukrainanyň gündogaryndaky Donesk şäherinde regional administrasiýasynyň jaýyny eýelän Orsýete tarapdar aktiwistler “Donetsk halk respublikasyny” yglan etdiler we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden “wagtlaýyn parahatçylygy dörediji güýçleri” ibermäge çagyrdylar.

Gürrüňi edilýän aktiwistler ele geçiren regional administrasiýa jaýynyň öňünde ýygnanan birnäçe müň adamyň üýşmeleňine özleriniň gelen bu kararyny yglan etmek üçin gürrüňi edilýän edara jaýyndan daşary çykdylar.

Şeýle-de, aktiwistler gürrüňi edilýän regionyň gelejegi bilen bagly referendumyň iň giç maý aýynyň 11-ne geçiriljekdigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG