Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Alty adam tussag edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalal-Abad welaýatynda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň agzasy diýlip güman edilýän alty adam tussag edildi.

Gyrgyzystanyň regional polisiýasynyň duşenbe güni beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän şübhelileriň öýünde özbek we arap dilinde ýazylan ekstremistik mazmunly kitaplar we elektronik maglumatlar tapylandan soň, olar Suzak etrabynda tussag edilipdirler.

“Hizb ut-Tahrir” topary düýbi Londonda ýerleşýän sünni guramasydyr. Bu gurama musulman ýurtlarynyň ählisini Yslam halifatyna birleşdirmäge çalyşýar.

Bu toparyň agzalaryny we goldawçylaryny “ekstremist” diýip atlandyryp, gyrgyz hökümeti we öňki Sowet soýuzynyň düzümine giren başga-da birnäçe ýurt bu guramany gadagan etdiler.

Soňky aýlarda Gyrgyz hukuk goraýjy organlary ýurduň Jalal-Abad we Oş regionynda ekstremist dini toparlaryň agzasy bolmakda güman edilýän onlarça adamy tussag etdiler. Tussag edilen bu şübheliler Siriýadaky yslamçy gozgalaňlara söweşijileri taýýarlamakda güman edilýär.
XS
SM
MD
LG