Sepleriň elýeterliligi

Ýatdan çykarylan "saglyk ýoly"


"Saglyk ýoluna" tarap görkezýän ýol yşaraty

"Saglyk ýoluna" tarap görkezýän ýol yşaraty

Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk aýynyň” çäginde geçirilýär diýilýän “sport” çäreleriniň arasynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aşgabadyň golaýyndaky dag gerişlerinden geçýän “Saglyk ýoly” boýunça ýörişler hem göz öňünde tutulýar.

Umuman, Giňdiwaryň depesinden geçýän 8 kilometrlik “Saglyk ýolunda”, adatça, her hepdäniň dynç günleri hem ençeme ýüz adamyň gatnaşmagynda ýörişler gurnalyp, kä halatlarda ýerli mediada bu ýodadan prezidentiň hökümet resmileri bilen birlikde kä ýöräp, käte ylgap barýan käbir wideoýazgylaryny hem görse bolýar.

Emma welin 8 kilometrlik “Saglyk ýolunyň” bu “meşhurlygy” bilen bir hatarda onuň edil gabat garşysyndaky üç ýarym esse uzyn ekiztaýy ýodany ýatlaýan ýok. 36 kilometrlik “Saglyk ýolunyň” 28 kilometrlik bu bölegini eýýäm ençeme ýyldan bäri gum basyp ýatyr. Onuň üstünden geçip barýan adamlar hem juda seýrek, ýa-da ol ýolda asla hiç görünmeýär.

Gowy ideg edilýän, dürli haýwanlaryň heýkelleri hem dikilen “Saglyk ýolunyň” 8 kilometrlik böleginden tapawutlylykda “Saglyk ýolunyň” 28 kilometrlik bölegine o diýen seredilibem durulmaýar. 8 kilometrlik “Saglyk ýolunda” geçen ýyl ýörite abadanlaşdyryş işleri geçirilen bolsa, 28 kilometrlik “Saglyk ýolunda” hatda döwlen lampalar hem çalşyrylanok.

Diňe onuň gutarýan ýerinde, prezidentiň awtokerweniniň geçýän ýolunyň golaýynda, käwagt abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Bu ýodanyň gözden düşürilmegini adamlar prezidentiň bu ýodadan geçmeýänligi bilen düşündirýärler.

Näme üçin ýörelenok?

Bu ýodanyň gum-guklygy, onuň 14 ýyldan bäri hereketsiz ýatmagy bilen bagly dürli sebäpler orta atylýar. Onuň bir sebäbi bu ýodanyň uzynlygy bilen düşündirilse, ýene bir sebäbi – bu ýodadan ýörejek adamlar üçin hiç hili şertleriň döredilmänligindedir.

“Adamlar üçin [“Saglyk ýolunyň”] belli bir derejede şertler döredilen 8 kilometrlik aralygynam geçmek kyn. Bu ýodada bolsa asla hiç hili şert ýok. Onsoňam, [bu ýolda] gyşyna sowuk, tomsuna yssy bolýar. Hatda ýazda hem bu ýodadan ahyryna çenli geçer ýaly däl” diýip, ýokary okuw jaýynyň studenti Aman gürrüň berýär.

Şol bir wagtda, resmi we beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassykladyp bolmadyk maglumatlara görä, 28 kilometrlik “Saglyk ýolunyň” käbir bölekleri Eýran bilen serhede golaý ýerleşendigi sebäpli ýodanyň käbir böleklerinden türkmen serhetçileri adamlary yzyna dolaýarlar.

Merjen atly ildeşimiz mundan üç ýyl ozal maşgalasy bilen bu ýoda çykyp, olar şol ýodadan ýöräp, dynç almakçy bolanlarynda, belli bir ýere ýetenlerinde, olary türkmen serhetçileri saklap, bu ýeriň serhede golaý ýerleşýändigini we yza dolanmagy ýa-da 8 kilometrlik ýoda gitmeklerini sorapdyrlar.

“Saglyk ýolunyň” ýatdan çykarylan bu bölegi ilkibaşda Arçabil prospektinden başlanýardy. Emma soň bu ýerlerde birnäçe täze binalar gurlansoň, ol indi öz gözbaşyny täze gurlan Köpetdag prospektinden alyp gaýdýar. Onuň gutarýan ýeri “Saglyk ýolunyň” 8 kilometrlik böleginiň başlanýan ýerinde.

Umumy uzynlygy 36 km deň “Saglyk ýoly” 2000-nji ýylda öňki prezident S.Nyýazowyň buýrugy boýunça gurlupdy. Onuň Giňdiwar dagynyň depesinden geçýän 8 kilometrlik bölegi 2000-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda açylypdy.

Şondan soň S.Nyýazow “Saglyk ýoluny” uzaltmak barada döwlet ýolbaşçylaryna buýruk berip, onuň 28 kilometrlik böleginiň her bir kilometrini ministrliklere we käbir döwlet edaralarynyň öz hasaplaryna gurmagy tabşyrypdy.

Ilkibaşda “Serdaryň saglyk ýoly” diýlip atlandyrylan bu ýola indi diňe “Saglyk ýoly” diýilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG