Sepleriň elýeterliligi

Türkmen diasporanyň sýyasy aktiwligi


Eýran türkmenleri

Eýran türkmenleri

10-nji aprelde garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulýewiň aradan çykanyna 8 ýyl bolýar. Abdy aga, daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasynyň iň tanymal we tejribeli şahsiýetlerinden biridi. Ol aradan çykandan soň oppozisiýanyň göz görtele gowşandygy aýdylýar.

Şu senä gabatlap, Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Owganystanda, Eýranda we Orsýetde ýaşaýan etniki türkmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň sýyasy aktiwligi hemem sýyasy tejribeleri barada gürrüň ederis.

Bu barada sizi hem öz pikiriňizi aýtmaga çagyrýarys, isleseňiz öz pikiriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryň, eger programma gatnaşmak isleseňiz, bize hat ýazyň, siz bilen özümiz habarlaşarys, salgymyz: hat@azatradio.org .

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG