Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Orsýetiň döwlet TW-siniň gözi bilen


"Rossiýa 1" telekanalynyň agşamky gepleşiginden alnan şekil, 31-nji mart, 2014.
"Rossiýa 1" telekanalynyň agşamky gepleşiginden alnan şekil, 31-nji mart, 2014.
Siz Napoleona Orsýeti basym aldyran bir polşaly jeneýatçy general barada bir zat eşidipmidiňiz? Eşimtedik bolsaňyz, onda siz 31-nji martda Orsýetiň "Rossiýa-1" telekanalyna tomaşa eden dälsiňiz.

Orsýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylýan esasy telekanalynda berlen bir dokumental gepleşik boýunça General Mihal Sokolnikiniň maksady ors imperiýasyny bölek-bölek edip, Baltika deňzinden Gara deňze çenli bolan territoriýany öz içine alýan has uly Polşany gurmakmyş.

"General Sokolnikiniň raportyndan: ony özüniň tebigy çäklerine çenli kesiň. Baltikanyň we Gara deňziň kenarlaryna çykmaga ýol bermäň. Şonda ol beýik imperiýadan bölünip aýrylan bufer döwletler tarapyndan gözegçilik edilýän, agressiýa aýgytly jogap bermäge mydam taýyn goşunyň göz astynda bolar. Onsoň Orsýet öz açgözlük bilen düzülen planaryndan, bikanun ýurtbasarlyk meýillerinden el üzmäge hemişelik mejbur bolar" diýip, orator aýdýar.

"1812-niň urşy - ilkinji maglumat urşy"

"1812-niň urşy - ilkinji maglumat urşy" diýip atlandyrylan dokumental filmde bellenmegine görä, Polşanyň planlarynyň biri – Ors imperiýasynda krym tatarlaryny we kawkazlylary hem öz içine alýan etniki konfliktleri döretmek bolupdyr.

31-nji martda agşamara goýberilen bir sagatlyk žunalistik däl "Janly efirde" atly gürrüňçilik programmasy bolsa Ukrainadaky wakalara bagyşlanandy. Munda hem Maýdana garşy dürli pikirli adamlar çykyş edip, "Ukrainanyň täze elitasynyň häsiýetleri" barada jedelleşdiler. Arka tarapdaky uly sahnada bolsa, öten aý Kiýewde bolan demonstrasiýalarda köçelerde ýanýan maşyn tigirleri görünýärdi.

Bu jedellerde Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýulia Timoşenko barada käbir "faktlar" bilen tanyş bolduk. Onuň pikiriçe, içerdäki we daşardaky duşmanlaryň edýäni "Staliniň edenlerinden hem beter". Radikal ”Sagçy sektoryň” aktiwistleri - "onuň hüjümçi toparlary". Maýdan protestçileri tarapyndan ýüzlerçe adam öldürilip, müňlerçe adam ýaralanypdyr. Kiýewde şäheriň merkezi weýran edilipdir.

Seniň öýüňe näme boldy?

Programma tamamlanyp gelýärkä hökümete degişli däl "Maýdany togtadyň" atly toparyň başlygy diýilýän Sergeý Hižnýak özüniň Kiýewden nädip gaçyp çykandygy, öýüniň nälililik bilen talanandygy barada moderator Boris Korçewnikowyň soraglaryna jogap berýär.

Korçewnikow: seniň öýüňe näme boldy?

Hižnýak: Men öz maşgalamy çykaryp, şu ýere geldim. Goňşularym jaň edip, maňa ýüzi nykaply, eli ýaragly birnäçe adamyň gelendigini aýtdylar. Olar gapyny goparyp taşlap, öýi bütinleý talapdyrlar. Ähli zady äkidipdiler.

Korçewnikow: häzirki wagtda, şu eýýamda Ýewropanyň merkezinde bular ýaly zatlar nädip bolýar?"

Westiniň habarlarynda bolsa çylşyrymly temalara deglip geçilýär. Programmada Fransiýadaky saýlawlarda sagçy "Milli front" partiýasy görkezilip, sagçy partiýalaryň Ýewropa parlamentiniň indiki saýlawlarynda uly ýeňiş gazanjakdygy aýdylýar. Sagçy partiýalaryň beýle üstünlikli bolmagyna jogäpkär günbatar hökümetleriniň bulara sosial çydamlylyk görkezmegi.

31-nji mart ors goşunynyň Napoleony Moskwadan Pariže çenli kowalap, Fransiýanyň paýtagtyna ýeňişli gireniniň 200-nji ýyl dönümi.

"Biz bu gün Orsýetde ors goşunynyň Pariže gireniniň 200 ýyllygyny belleýäris. 1814-nji ýylyň 31-nji martynda Ors imperiýasy Napoleonyň ganly uruşlarynyň soňuna nokat goýup, kontinentde ýolbaşçy harby we syýasy güýje öwrüldi. Ýewropanyň ençeme ýyllap parahatçylykly ösmegine esas bolan Fransiýanyň paýtagtynda bolup geçen wakalar boldy" diýip orator aýtdy.
XS
SM
MD
LG