Sepleriň elýeterliligi

Çagalaryny satjak bolan özbegistanlylar tussag edildi


Orsýetiň Moskwa regionynyň polisiýasy öz çagalaryny satmakçy bolan özbegistanlylary tussag etdi.

Derňew komitetiniň metbugat-wekiliniň 8-nji aprelde žurnalistlere aýtmagyna görä, özbegistanly är-aýal özleriniň 18 aýlyk ogluny we ýaňy doglan gyzyny 1 million rubla, ýagny 28100 amerikan dollaryna satmaga synanyşypdyr.

Olar 7-nji aprelde Wodnoýe şäherinde tussag bolupdyr. Olara 10 ýyl türme tussaglygy garaşýar.

Fewral aýynda iki özbek zenany Orsýetiň Sankt Petersburg şeherinde ýaňy bolan çagany 80 müň rubla, ýagny 2250 amerikan dollaryna satmak synanyşygy bilen baglylykda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG