Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Umarowyň öňi alyndy diýýär


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy çeçen söweşijileriniň lideri Doku Umarowyň “işleriniň” öňüni alandygyny yglan etdi.

Edaranyň müdiri Aleksandr Bortnikowyň sişenbe güni aýtmagyna görä, öz-özüni ykrar eden Kawkaz Emirliginiň lideri Umarowyň hereketleriniň öňüni almak boýunça çäreler şu ýylyň başynda geçiripdir. Bortnikow öňi alynan aksiýalar barada jikme-jik maglumat bermedi, diňe, Demirgazyk Kawkazda söweşijilere garşy 33 sany çäräniň geçirilendigini we netijede dini ekstremist toparlaryň 36 sany lideriniň we 65 agzasynyň öldürilendigini, 200 terrorçynyň tussag edilendigini habar berdi.

Geçen aýda söweşijileriň "Kawkaz sentr" websaýty Umarowyň şehit bolandygyny habar berdi, emma onuň nirede we nädip öldürilendigi barada maglumat bermedi. Umarowyň Orsýetde, şol sanda Moskwada bomba partlamalarynyň ençemesinde gatnaşygy bolupdy.
XS
SM
MD
LG