Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Ukraina duýduryş etdi


Orsýet Kiýewiň Ukrainanyň gündogarynda islendik güýç ulanmagynyň ýurtda graždan urşuny tutaşdyrmak howpuny döredip biljegini duýdurdy. Bu regionda orsýetparaz aktiwistler ençeme şäherlerde ýerli hökümetiň edara jaýlaryny eýelediler.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 8-nji aprelde ýaýradan beýannamasynda, hususan-da, “biz harby taýýarlyklary tizden-tiz bes etmäge çagyrýarys” diýip bellenýär.

Bu beýannamanyň çap bolmagynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň içeri işler ministri Harkiw şäherinde terrorçylyga garşy operasiýanyň ugruna çykylandygyny aýtdy. Arsen Awakow regional administrasiýasynyň jaýyny basyp almak bilen baglylykda 70 “separatistiň” tussag edilendigini habar berdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg 7-nji aprelde eden çykyşynda Orsýeti Ukrainadaky ýagdaýa goşulmazlyga çagyrdy: “Orsýetiň Ukrainadaky meselelere goşulyşmaly däldigini nygtamak örän möhümdir. Munuň Orsýetiň we Ukrainanyň arasyndaky ýagdaýy ýene-de dartgynlaşdyrmagy mümkin”, diýip Heýg belledi.

Orsýetparaz protestçiler 6-njy aprelde Ukrainanyň gündogaryndaky Harkiw, Luhansk we Donetsk şäherlerinde hökümet edaralaryny ele saldylar we Orsýetiň düzümine girmek boýunça referendumlaryň geçirilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG