Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw býulletenleri Kabula alnyp baryldy


Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy ýurduň 34 welaýatynyň 20-sinden saýlaw gapyrjaklarynyň ses sanamak üçin Kabula alnyp barylandygyny aýtdy.

Komissiýanyň 7-nji aprelde aýtmagyna görä, galan welaýatlardaky saýlaw gapyrjaklary 15-nji aprelde alnyp barylar. Komissiýanyň metbugat-wekili Noor Muhammad Noor “Býülletenleriň ählisi Owganystandan merkezi saýlaw edarasyna 15 aprelde ugradylar” diýdi.

Şeýle-de saýlaw resmileri 5-nji aprelde prezident wezipesine we welaýat geňeşlerine geçirilen saýlawlardaky galplyklar boýunça komissiýa gowşan 2000-den gowrak arz-şikaýata garalýandygyny habar berdiler.

Owganystanyň ses bermäge hakly 12 million ilatyndan 7 milliondan gowragy ses berişlige päsgel berjegini duýduran “Talyban” söweşijileriniň haýbatlaryna garamazdan ses berişlige gatnaşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň saýlawlara gözegçilik eden topary 7-nji aprelde eden çykyşynda owgan halkynyň “öz liderlerini saýlamak boýunça ajaýyp we täsirli gaýduwsyzlyk” görkezmegini, şeýle-de, saýlawlara “san taýdan garaşylmadyk möçberde köplük” bolup gatnaşmagyny makullady.
XS
SM
MD
LG