Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ömür bäş gün, jan amanat bu tende..."


Galam we kagyz
Galam we kagyz
Şahyr Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky, täze goşgulary.

Mini deklarasiýa

Babadaşym Adam ataň zürýady,
Ömür bäş gün, jan amanat bu tende.
Göwnüňdäki ýaly ýaşap bileňok,
Şeýle zada erk, ejaza ýok sende.

Zeminiň egninde ile ulaşyp,
Il bilen il boljak bolsaň, gadyrdan!—
Ýaşamaly özgäň göwnüni görüp,
Utýar özgäň göwni üçin gydyrdan.

Bir zabun düzgüne bolmaly boýun,
Meýlise, märekä barmankaň entek.
Bir söz az, iki kän,
Söz ýarym tapman,
Dymsaň-da saýylýaň akmak ýa tentek.

Äşgär, aýan bolmak üçin il-güne,
Diliňe erk berseň, sözlejek bolup.
Çar ýanyň pyşyrdy:
-Aýp, müýni bar,
Gürläp otyr şony gizlejek bolup.

Dymýaň göwün görüp, göwnüňi ýykyp,
Älem içre dymyp gezmek däl asan.
…Seni agladandan güldürmek aňsat,
Sen özgä hoş sözüň gysganýaň ynsan.

Halk pähimine warýasiýa

Daş bilen urany urdum aş bilen,
Bimessep kärini goýar öýdüp men.
Goý nirede?!
Ýene urdy daş bilen.
Täzeden daş alyp dübläp gaýdyp men,
Gaçdy, daş atardan aralyk daş-da.
Kine etjek, el ugra zyňylsa daş-da.
Onsoň ötüp barýan bir ötegçini,--
Günäsiz bendäni urdum daş bilen.
Deň bolmady, urdy meni aş bilen.
XS
SM
MD
LG