Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplara $3,000 maliýe hemaýaty


Stokgolm halkara parahatçylyk ylmy-barlaglar institutynyň logotipi.
Stokgolm halkara parahatçylyk ylmy-barlaglar institutynyň logotipi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Jorj Waşington uniwersiteti we Stokgolm halkara parahatçylyk ylmy-barlaglar instituty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary üçin stipendiýaly okuw hödürleýän “Merkezi Aziýa programmasy” üçin arzalary kabul edip başlady.

Programma kabul edilenler ABŞ-nyň Jorj Waşington uniwersitetinde bäş aýlyk okuwlara gatnaşarlar we olara her aý üçin 3 müň amerikan dollary möçberinde stipendiýa beriler.

Azatlyk Radiosy bu barada has dolurak maglumat almak üçin Jorj Waşington uniwersitetiniň “Merkezi Aziýa programmasynyň” müdiri Marlen Laurel bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary üçin hödürleýän stipendiýaly okuw programmaňyz barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Marlen Laurel: Biziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary üçin hödürleýän stipendiýaly okuw programmamyz bäş aýlyk okuwdyr. Biz bu programmamyzy häzirki wagt Merkezi Aziýada ýaşaýan we bäş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biriniň raýaty bolan ýaş ekspertlere hödürleýäris.

Bu programma dalaş etjekler 25-40 ýaş aralygynda bolmaly. Şeýle-de dalaşgärler iň azyndan aspiranturany tamamlan we jemgyýetçilik syýasy meselelerine gyzyklanma bildirýän bolmaly. Biz arzalary kabul edilen dalaşgärlere Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Jorj Waşington uniweristetinde bäş aýlyk grant hödürleýäris.

Bäş aýlyk okuwyň dowamynda dalaşgärler ýörite okuw klaslaryna, ýagny leksiýalara, metodika okuwlaryna gatnaşarlar. Şeýle-de olar Merkezi Aziýadaky syýasy temalaryň üstünde işleýän Waşingtondaky käbir syýasy ekspertler bilen hem duşuşarlar we şondan soňra dalaşgärler Merkezi Aziýa bilen bagly syýasy tema boýunça iş taýýarlamaly bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan biri siziň programmaňyza dokument tabşyrmak islese, näme etmeli? Ýagny, nähili dokumentleri tabşyrmaly?

Marlen Laurel: Dalaşgäler bize özleriniň CV-lerini, ýagny özleriniň okuw we iş geçmişi barada taýýarlanan dokumentlerini we azyndan üç sahypadan ybarat derňew taslamasyny ugratmaly. Dalaşgärler arzalaryny we dokumentlerini PDF formatynda diňe email arkaly: CAFellows@sipri.org adresimize ugradyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Bulardan başga dalaşgärlerden hökmany talap edilýän dokumentler barmy?

Marlen Laurel: Dalaşgärlerden esasy talap edilýän zatlaryň biri hem olar häzirki wagtda bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň birinde ýaşaýandygyna güwa geçýän dokumente gol goýmaly. Şeýle-de olar Merkezi Aziýa ýrtlaryndaky uniwersitetleriň birinde ýa-da başga bir uniwersitetde okuwyny tamamlandygyny görkezýän ýokary okuw jaýynyň diplomynyň nusgasyny bize ugratmaly.

Azatlyk Radiosy: Dalaşgärler haçana çenli siziň programmaňyza dokument tabşyryp bilerler? Ýagny, bu programma arza tabşyrmak üçin iň soňky gün haýsy gün?

Marlen Laurel: Biz dokumentleri maý aýynyň 1-ne çenli kabul edýäris we programma kabul edilenleriň sanawyny, ýagny netijeleri hem maý aýynyň ahyrynda yglan edýäris. Programma gatnaşmaga kabul edilen dalaşgärler awgust we sentýabr aýlary aralygynda Waşington şäherine gelerler.

Programma kabul edilenleriň wizasy, saglyk ätiýaçlandyryşy, uçar biletleri üçin tölegler biziň programmamyz tarapyndan tölener. Şeýle-de olara Waşingtonda gowy ýaşamagy üçin mümkinçilik döretjek aýlyk – her aýda 3 müň amerikan dollary möçberinde stipendiýa tölener.

Azatlyk Radiosy: Siziň bu programmaňyzy tamamlan ýaşlaryň beýleki okuw programmalaryny tamamlan talyplardan nähili artykmaçlygy bolar?

Marlen Laurel: Okuw programmamyza gatnaşanlaryň programmanyň soňunda derňew geçirendiklerini görkezýän derňew dokumenti iňlis dilinde biziň websahypamyzda çap bolar. Diýmek, olaryň geçiren derňewleri dünýäniň köp adamlaryna elýeterli bolar. Galyberse-de, olar köpçüligiň öňünde nähili gürlemeli, halk syýasaty ýaly täze hünärleri edinerler.

Azatlyk Radiosy: Marlen, bilşiňiz ýaly, türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi Türkiýe, Orsýet we Hytaý ýaly ýurtlarda okaýarlar. Meselem, şu ýyl turkmenistanly bir talyp daşary ýurtlaryň birinde okuwyny tamamlaýan bolsa, ol siziň programmaňyza arza tabşyryp bilermi?

Marlen Laurel: Resmi taýdan olar arza tabşyryp bilmeýärler. Ýagny, resmi taýdan türkmenistanly talyplar Türkmenistanda ýa-da bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň birinde ýaşaýan bolmaly.

Ýöne Türkmenistan örän aýratyn bir ýurt bolany üçin biz Russiýada, Türkiýeda ýa-da beýleki ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okuwyny tamamlan türkmenistanly talyplaryň hem dokumentlerini kabul edýäris. Olar hem edil beýleki dalaşgärler ýaly, dokumentlerini tabşyryp bilýärler we olara-da Türkmenistandan arza tabşyrýan dalaşgärleriňki bilen deň derejede mümkinçilik berilýär.
XS
SM
MD
LG