Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rasmussen Orsýete duýduryş berýär


Rasmussen Russiýa duýduryş berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Rasmussen Russiýa duýduryş berýär

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen gündogar Ukraina çozup girmek "taryhy ýalňyşlyk" bolar diýip, Orsýete duýduryş berdi. Ol şeýle hem Moskwadan öz harby güýçlerini ukrain serhedinden yza çekmegi talap etdi.

Rasmussen 8-nji aprelde Parižde eden çykyşynda Orsýetiň Ukraina aralaşmagy Moskwanyň NATO bilen bolan gatnaşyklarynda "agyr netijelere" getirip, "Orsýeti halkara derejesinde üzňeleşdirer" diýdi: "Orsýet Ukraina girse, onda bu bir taryhy ýalňyşlyk bolar. Bu biziň Orsýet bilen bolan gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir eder, Orsýeti halkara derejesinde öňküsinden beter üzňelige salar".

8-nji aprelde irden ýaýradylan beýanatlarda Rasmussen Orsýeti Ukrain serhediniň golaýyna üýşüren "on müňlerçe" esgerini yzyna çekmäge çagyrdy.

"Men Orsýeti ýaragly güýçlerini yzyna çekip, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, ukrain hökümeti bilen konstruktiw dialoga girişmäge çagyrmagy dowam etdirýärin" diýip, NATO-nyň baş sekretary aýtdy.

"Agressiýa"

Rasmusseniň beýanaty ukrain häkimiýetleriniň gündogar Ukrainanyň üç şäherinde hökümet binalaryny eýelän orsýetparaz protestçilere garşy çäre görmäge girişen pursatyna gabat geldi.

Rasmussen iki ýurduň arasyndaky emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, şeýle diýdi: "Orsýetiň Ukrainanyň garşysyna gönükdirilen agressiýasy Ýewropanyň howpsuzlygy üçin bir nesliň ömrüniň dowamynda bolan uly kynçylyk. Men Orsýeti yza çekilip, gündogar Ukrainadaky ýagdaýy ýitileşdirmezlige çagyrýaryn".

Bu aralykda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň bir beýanatynda: "Biz harby operasiýalara görülýän taýýarlyklary derhal togtatmaga çagyrýarys. Munuň ýurduň içinde urşa getirmek howpy bar" diýilýär.

Kreml

Moskwa özüniň Ukrainadaky hereketleri barada halkara derejesinde bolýan tankytlary tutuşlygyna ret edip, günbatar döwletlerini ikiýüzlülikde aýyplady.

6-njy aprelde orsýetparaz protestçiler Orsýete birigip-birikmezlik barada referendum geçirilmegini talap edip, Harkowda, Luganskda we Donetskde hökümet binalaryny eýelediler.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Harkowda geçirilen bir antiterroristik operasiýada orsýetparaz protestçileriň ýerli hökümet binalaryndan kowlup çykarylandygyny, 70 töweregi "separatistiň" hem tutulandygyny aýtdy.

Ukrainanyň häzir iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinow ýurduň gündogar bölegindäki bulagaýlyklarda Moskwany aýyplap, häkimiýetleriň "terroristler we jenaýatçylar ýaly" kanuny bozýan "separatistleri" yzarlajakdygyny aýtdy.

7-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda bolan telefon gepleşigi hem krizisiň artmagyna getirdi. Kerriniň aýtmagyna görä, amerikan resmileri gündogar Ukrainada bolýan wakalaryň "öz-özünden" dörän wakalardygyna ynanmaýarlar. Olar bu işler Moskwa tarapyndan goldalýan planyň bir bölegi diýip çaklaýarlar.

Ak tam moskwaparaz protesçileriň käbirine "pul tölenendigi, olaryň ýerli ýaşaýjylar däldigi" barada "berk subutnamalaryň" bardygyny aýdýar.

Orsýet Krymy anneksiýa edeli bäri NATO bu ýurt bilen bolan ähli praktiki hyzmatdaşlyklary wagtlaýyn togtadyp, öz gündogar agzalarynyň territoriýasynda ýerleşdirilen ýaragly güýçleriniň sanyny artdyrdy.
XS
SM
MD
LG