Sepleriň elýeterliligi

​Pakistan: Hüjümde 25 adam öldi


Pakistanyň polisiýasy we keselhana resmileri Yslamabadyň çetinde bolan bomba partlamasynda azyndan 25 adamyň ölendigini we başga-da 70 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Bu bomba partlamasy çarşenbe güni Yslamabat bilen Rawalpindi şäheriniň araçägindäki bag-bakja önümleri satylýan bazarda boldy.

Polisiýanyň berýän maglumatynda bag-bakja önümleri saklanylýan gutyda bäş kilogram çemesi partladyjy serişdäniň gizlenendigi aýdylýar.

Gürrüňi edilýän waka şaýat bolanlaryň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatyna görä, bomba partlamasy alyjylaryň ir bilen söwda çykan mahaly bolupdyr.

Şeýle bomba hüjümleri Pakistanyň käbir böleklerinde, şol sanda demirgazyk-günbatardaky Peşawar ýa-da günortdaky Karaçi şäherinde ýygy-ýygydan amala aşyrylýar. Ýöne şuňa meňzeş wakalara Pakistanyň paýtagty Yslamabatda seýrek duş gelinýär.
XS
SM
MD
LG