Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Baku: Mina partlamasynda üç adam öldi


Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň gözegçiligindäki region bilen araçäkde minanyň partlamagy netijesinde bir ofiseriň we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän iki esgeriň ölendigini habar berýär.

Ministrligiň 8-nji aprelde ýaýradan beýanatynda bir gün ozal Jabraýil etrabynda bolan partlamada başga-da alty esgeriň ýaralanandygy mälim edilýär. Ýaralananlaryň ikisi keselhana ýerleşdirilipdir. Jabraýil etrabynyň bir bölegine Ermenistan tarapyndan gözegçilik edilýär.

Bu waka azeri ofiseriň we ýerli ýaşaýjynyň ýaralanmagyndan birnäçe gün soň boldy. Baku muny Ermenistan tarapyndan mergeniň edendigini öňe sürüpdi.

Geçen aý Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we onuň ermeni kärdeşi Serž Sarkisýan Hagda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda parahatçylyk gepleşikleri dowam etdirmäge wada beripdiler.

Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regiony sebäpli iki ýurduň arasynda ençeme ýyl bäri konfliktler dowam edýär. Bu regionyň ilatynyň aglabasy ermenilerden ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG