Sepleriň elýeterliligi

​Täjik tussagyna ýene 30 ýyl berildi


Täjigistanyň günortasyndaky Kulob şäherinde tussaglykdaky dellek gaýçy bilen türme sakçysyny pyçaklap, öldüreni üçin ýene-de 30 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Umed Teşaýewiň aklawçysynyň 9-njy aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň müşderisi adam öldürmekde günäli tapylyp, bu barada 8-nji aprelde höküm çykarylypdyr.

Fewral aýynda 66 aýaşyndaky türme sakçysy Umar Kaýumow tussagdan öz otagyna gelip saçyny kesip bermegi sorapdyr. Şonda Teşaýew gaýçysy bilen Kaýumowyň bir sapar kellesini we azyndan 16 sapar hem bedenini pyçaklaýar. Türme sakçysy keselhana ýetmezden aradan çykýar.

29 ýaşyndaky tussag öz dellekhanasyndaky gaýçysy bilen bir adamy pyçaklap öldüreninden soň, geçen ýyl 17 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG