Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Bagdat: Hüjümlerde 16 adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdatda birnäçe bombaly ulagyň partlamagy netijesinde onlarça adam öldi we ýaralandy.

Maglumatlarda Yragyň şaýy musulmanlar köplügi jemgyýetiniň agzalarynyň ýerleşýän territoriýalarynda takmynan alty partlamanyň bolandygy habar berilýär.

Fransiýanyň “The Associated Press” habar gullugynyň ýurduň polisiýasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, partlamalarda azyndan 16 adam ölüpdir.

Gürrüňi edilýän partlamalar yraklylar Saddam Hüseýiniň režiminiň dargamagynyň 11 ýyllygyny belleýän mahaly ýüze çykdy. Saddam Hüseýiniň režimi 2003-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky başlanan operasiýanyň netijesinde agdarylypdy.
XS
SM
MD
LG