Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: ​Protestçiler resmini boşadyň diýýär


Gyrgyzystanyň parlamentiniň öňki başlygy Akmatbek Keldibekowyň ýüzlerçe tarapdary onuň azatlyga goýberilmegini talap edip, ýurduň günortasyndaky Oş welaýatynda ýöriş geçirdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, 9-njy aprelde Keldibekowyň tarapdarlary Alaý-Oş garaýoluny böwetläp, Alaý etrabynyň ýerli hökümet binasynyň öňündäki bir ulagy otlapdyrlar.

Ýerli resmiler Keldibekowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy sebäpli deslapky tussaghanadan goýberilmelidigini aýdýan protestçiler bilen gepleşikleri geçirýärler.

Keldibekow ýurduň Salgyt gullugynda we Döwlet sosial fondunda işlän döwri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we maliýe galplyklarynda aýyplanyp, noýabr aýynda tussag edilipdi.

Gyrgyzystanyň oppozision “Ata-Ýurt” partiýasynyň agzasy Keldibekow 2010-2011-nji ýyllar aralygynda parlamentiň başlygy wezipesinde hem işläpdi.
XS
SM
MD
LG