Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukrain resmisi güýç ulanylyp bilner diýdi


Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow araçylar ýurduň gündogaryndaky regional hökümet jaýyndan separatistleri çykarmagy başarmasa, harby güýçleriň ulanyljakdygyny aýtdy.

9-njy aprelde Kiýewde geçirilen hökümet maslahatyndan soň žurnalistlere beren maglumatynda Awakow ýurduň gündogaryndaky bu ýagdaýyň öňümizdäki iki günüň dowamynda çözüljekdigini mälim etdi. Ol bu problemany çözmegiň iki ususlynyň bardygyny aýdyp, onuň ýa gepleşikleri geçirmek ýa-da harby güýçleri ulanmak arkaly çözülip bilinjekdigini sözüne goşdy.

6-njy aprelde Russiýa tarapdary ýüzlerçe protestçi Donetskiň, Harkowyň we Luganksyň hökümet jaýyny basyp aldy. 8-nji aprelde Ukrainanyň ýörite güýçleri tarapyndan Harkow hökümet jaýyndaky separatistler kowlup çykarylypdy.

9-njy aprelde Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy Luganksdaky hökümet jaýyny takmynan 51 adamyň terk edendigini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG