Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pawel Wasilýewiň setirlerinden...


Pawel Wasilýew
Pawel Wasilýew
Jyzlanyň ömri ýaly gysga ömrüne ganym güllesi nokat goýan beýik rus sowet şahyry Pawel Wasilýew 1910-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda, Gazagystanda dünýä inip, 1937-nji ýylyň 16-njy iýulynda Moskwada, KGB-niň zyndanynda, bary-ýogy 26 ýaşynda atylyp öldürilýär. Basdaşlygyň däl-de, göripligiň hem bahyllygyň ýesiri bolup, gara şaýa geçmedik, emma ýazan-pozan zatlary uçin hökümet sylaglaryna, orden-medallara mynasyp görlen dört sany agent tarapyndan günä ýüklenip, "halk duşmany" hökmünde, ölüm jezasyna höküm edilen şahyr dine 1956-njy ýylda doly aklanýar.

Aşakda Pawel Wasilýewiň käbir goşgularynyň erkin terjimesi hödürlenýär.

Söýgülime

Pawel Wasilýew
Pawel Wasilýew
Şükür, hususylyk hem özbaşdaklyk,
Hiç kim bilen şäriksiz hem dawasyz,
Üstümde tünegim, astymda köwşüm,
Bir goşawuç temmäkimem – üstüne.
Häzirlikçe seň elleriň meniňki,
Häzirlikçe seň söýgiňe eýe men.
Goňşymmy ýa duşmanymmy, dostummy –
Kim bolaýsyn seni elimden aljak –
Ene gurduň gowagyndan çagasyn
Ogurlamak oňa aňsadrak düşer.
Sen meniň baýlygym, meniň çyragym,
Syýrdam derekleri eken mülküm sen.
Ähli berk gulplara gaýra dur diýýän
Çoýundan, polatdan pugta bir ýere
Gan bilen ýazdym men: "Ol – diňe meňki!"
Ýowuz günem meniň – ýaşaýşym, ömrüm,
Ondan kem däl ýüregimiň hatasy.
Kalbymda ähli zat öňküsi ýaly!
Hany, biri uruş yglan etsin-dä,
Seniň ak kolgeli zülpüňe garşy!
Bar güýjümi jemläp – seniň lebiňden
Zäher-zakgun ýalap, akylsyz galyp,
Içgi girdabyna boýa çümmäge
Ahyr näletsiňen hukugym bilen
Meýletin (ömürlik!) hoşlaşýanymy
Men entek hiç kime aýan edemok.
Meň ýanynda, janym, arkaýyn ukla –
Meniň diriligim, hususy bagtym,
Hatda ukuda hem garşyma gitme:
Seni saklap ganatymyň teýinde,
Howp-hatardan söýgimizi goraýan,
Güneş dogup, ertir ýagtylan jahan
Bize uly baýrak – alaw eçiler.
El-aýagmyz günä bilen saralgy,
Dikeleris bir-birege söýenip.
Ol ot küle öwrer ikimizi hem…

Goý eliňi aýama

Gönimden geleýin – gorkman duramok,
Ýadyrgarsyň öýdüp tanaman meni.
Öpeýin men – goý eliňi aýama.
Soň edeýin ullakan bir towakga:
Elleriňden gaçyraýma bagtymy!
Men seni unutdym ençeme gezek:
Minutlap, möwsümläp, hatda asyrlap!
Nirden duşdy maňa başga bir zenan,
Ak gar silkip darak bulan saçyndan.
Bilýän, senem şo pursatyň özünde
Mahmal ýorgan asta, per ýassyk üste,
Gözüňi aýyrman ýaşyl tümlükden,
Bagryn diri ýakyp goňşy-golamyň,
Maňa garaşansyň näumyt halda.
Ýapyşan deý jübüt düwün bogazna,
Ol zenanyň ellerini towlamda,
"Men nätmeli?" – gygyrdyň sen pyşyrdap!
Belki, gözleriňde ses-üýnsüz öýke,
Büräň ganaty deý ýukajyk geýmiň
Içinde urunýan ýalňyz damaryň
Gulagymda zol ýaňlanýan gürs-gürsi
Meni mündürýändir gahar-gazaba?
Zyýany ýok, ýuwt kinäni, ezizim,
Men diňe oýun etdim o zenan bile –
Duýgudan, söýgüden ýeke damjasyz!..

Terjime eden Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat. Girişdäki öňe sürülýän pikirler hem şahyryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG