Sepleriň elýeterliligi

Herş Siriýa baradaky makalasyna arka durýar


ABŞ-nyň Seymour Herş

ABŞ-nyň Seymour Herş

Meşhur amerikan žurnalisti öz makalasynda geçen ýylyň 21-nji awgustynda Siriýada himiki ýaraglary ulanyp amala aşyrylan hüjümiň arkasynda Türkiýäniň bolandygy baradaky çaklamalary köpçülige ýetirip, edil ody ölçeren ýaly etdi. Siriýadaky himiki hüjümler sebäpli ABŞ Damaska garşy tas harby çärelere başlapdy.

ABŞ-nyň we Türkiýäniň resmileri Pulitzer baýragynyň eýesi Seýmour Herşiň makalasynda Siriýadaky gozgalaňçylar Türkiýäniň gizlin gulluklarynyň ýardamy bilen Waşingtony Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy hüjüm etmäge itermek üçin gyrgynçylygy amala aşyrdylar diýlen çaklamalary ret etdiler.

Žurnalistiň maglumaty

Analitikler Herşiň ýakynda “London review of books” atly neşirde ýakynda çap eden bu makalasynda ulanylan çeşmeleriň we şahslaryň ygtybarlylyk tarapyny hem tankyt etdiler. Şeýle-de analitikler žurnalisti şol hüjümlere Assadyň režiminiň günäkärdigi barada ABŞ-nyň tassyklanan pozisiýasyny inkär etmekde-de aýypladylar.

Şol bir wagtyň özünde-de Herş öz maglumatyna ynamynyň bardygyny belledi we ABŞ-nyň goranyş razwedka agentliginiň geçen ýylyň 20-nji iýunynda çap eden gizlin maglumatyna salgylanyp, Siriýanyň “Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan “Al-Nusra” frontunyň gozgalaňçylarynyň zarin gaz önümçiligini güýçli depginde amala aşyrýandygyny aýtdy.

Üstesine, Herş agzalan dokumente salgylanyp, “himiki serişdeler bilen bagly araçylaryň” Türkiýede we Saud Arabystanynda köp mukdarda, onlarça kilogram möçberde zarin serişdesine eýe bolmaga synanyşandygyny belledi we olaryň, belki-de, Siriýada has uly mukdarda önümçiligi ýola goýmaga synanyşan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

“Iýunda çap bolan bu içerki dokument bar, başga-da [şeýle dokumentleriň] dördüsi ýa bäşisi bar, olaryň ählisi zariniň howpy we Türkiýäniň muňa gatnaşygy baradadyr, olaryň ählisi amerikan jemgyýetine mälimdir” diýip, Herş 8-nji aprelde AÝ/AR-a aýtdy.

21-nji awgustda Damaskyň golaýyndaky Ghouta atly ýerde bolan gaz hüjümi ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolupdy we Siriýadaky graždan urşuny batlandyrypdy. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Assadyň güýçleriniň himiki ýaraglary ulanmagynyň ýagdaýy iň soňky derejä ýetirip, Waşyngtony gandöküşikli konflikte goşulmaga mejbir edip biljekdigini aýdypdy.

ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Siriýadaky himiki hüjüme harby jogap bermäge taýýarlanýandygy köpçülige ýetirilende, Obama bu meselede yza çekilipdi we Orsýet bilen gepleşik geçirip, Assadyň öz himiki ýaraglaryny halkara gözegçiligine tabşyrmagy barada ylalaşyk gazanypdy.

Emma Herş ady agzalmadyk gizlin gulluklaryň öňki ofiserine salgylanyp, Orsýetiň gizlin gulluklarynyň Ghoutanyň golaýynda ulanylan himiki serişdeleriň britanlaryň üstünden amerikanlardan alnan nusgalary öwrenendigini we bu netijeleriň ABŞ-nyň Assadyň jogapkärçiligi baradaky aýyplamalaryna şübhe döredendigini, şeýlelikde amerikan harbylarynyň Obamany harby basyşdan saklanmaga ündemeli bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de makalada ABŞ-nyň gizlin ýagdaýda Liwiýanyň we Türkiýäniň üsti bilen siriýaly gozgalaňçylara ýarag iberendigi we çak edilýän bu ýarag üpjünçiliginiň 2012-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Bengazidäki diplomatik edarasyna edilen heläkçilikli hüjümden soň ýatyrylandygy aýdylýar.

Herş gizlin gulluklaryň öňki ofiserine salgylanmak bilen 21-nji awgustda bolan himiki hüjümleriň ABŞ-ny harby çärelere itermek üçin Türkiýäniň eden gizlin aksiýasy bolandygyny aýdýar. Türkiýäniň hökümeti Liwiýadan ýarag geçirilmeginiň togtadylmagynyň siriýaly gozgalaňçylar üçin zarba bolmagyndan aladalandy diýip, Herş ABŞ-nyň gizlin gulluklarynyň geňeşçisine salgylanýar.

Türkiýäniň reaksiýasy

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bulent Arinj 7-nji aprelde geçirilen metbugat-konferensiýasynda himiki hüjüme Ankaranyň gatnaşygy baradaky çaklamalary ýalan we töhmetçilikli diýip atlandyrdy. Bu barada Stambulyň “Hurriýet täzelikler gündeligi” ýazdy.

Milli razwedka edarasynyň müdiriniň metbugat-wekili Şawn Turner hem Herşiň makalasynda Siriýanyň hökümetiniň Ghoutadaky hüjümlere jogapkär däldigi baradaky maglumatlara garşy çykdy. Turner öz beýannamasynda bu barada şeýle diýýär: “Biz bu maglumatyň her bir nätakyklygyny kommentirlemekçi däl, emma anyk bolar ýaly: Assadyň režiminiň we diňe Assadyň režiminiň 21-nji awgustda bolan himiki hijümlere jogapkärdigini aýtmakçy”. .

Şeýle-de ol “ABŞ-nyň Liwiýanyň üsti bilen kimdir birini ýarag bilen üpjün edendigi baradaky pikirler nädogrudyr” diýip belledi.

Analitikler Herşiň öz makalasynda himiki ýaraglaryň Orsýet üçin işleýän gizlin ofiserleriň elindäki nusgalara esaslanmagyny sorag astyna aldylar we Orsýetiň ABŞ-nyň Siriýadaky wakalara goşulyşmagyna garşy çykyş edendigini we Assadyň hökümetini goldandygyny aýdýarlar.

Herş tankytlary ret edip, AÝ/AR-a agzalan nusgalaryň ABŞ-nyň ýaranlary tarapyndan Waşingtona berilmezden öň öwrenilendigini aýtdy: “Mesele munuň orsýetlilerden gelmeginde däl. Bu Birleşen Ştatlara Britaniýanyň baş ýolbaşçylygynyň we laboratoriýadaky analizleriň üstünden gowuşdy, prezidente birleşen toparyň ýolbaşçylarynyň başlygynyň üstünden bardy. Bu bolsa muny diňe Orsýet bilen bagly mesele etmän, has çylşyrymly bir meselä öwürýär”.

Jedelli çaklama

Britaniýaly analitik Eliot Higgins Siriýa gönükdirilen “Brown Moses Blog” atly neşirinde çap bolan maglumatynda Herş 21-nji awgustda ulanylan ýaragyň şol bir görnüşiniň Siriýanyň güýçleriniň şondan bir ýyldan gowrak wagt öň hem ulanandygy baradaky subutnamalary nazara almandyr diýip belleýär.

Herş bolsa Massaçusetsiň Tehnologiýa boýunça Institutynyň professory Theodore Postolyň işine salgylanýar we Ghoutada ulanylan ýaragyň iki kilometre golaý ýerden atylandygyny we munuň hem agzalýan hüjümiň gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki giňişlikden gurnalandygyny subut edýändigini belledi.

“Men size edil häzir aýdyp biljek: elde ýasalan raketalar ulanylypdy” diýip, Herş AÝ/AR-a aýtdy.

Higgins 7-nji aprelde çap eden blogunda Siriýanyň goşunlarynyň hüjümiň bolan ýerinden çak bilen iki kilometr uzaklykda ýerleşendigini we bu hüjümiň Assadyň goşunlarynyň gözegçiligindäki giňişlikden edilen bolmagynyň ähtimaldygyny görkezýän wideony hem çap etdi.

Herş 1970-nji ýylda Pulitzer baýragyna eýe boldy. Şonda Herş Wetnamyň Maý Laý diýen ýerinde ABŞ-nyň esgerleriniň parahat ilatdan ýüzlerçesini öldürendigi barada beren maglumatlary üçin sylaglanypdy. Soňky ýyllarda Seýmour Herş Obamanyň administrasiýasyny berk tankyt etdi, hususan-da, ony Osama bin Ladeniň ölümi barada galp maglumat bermekde aýyplady
XS
SM
MD
LG