Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Afinyda partlama boldy


Gresiýanyň paýtagty Afinyda bomba partlamasy boldy. Partlamanyň netijesinde adamlara şikesiň ýetmändigi aýdylýar.

Penşenbe güni ir bilen Gresiýanyň bankynyň daşynda bolan bu partlama ýurduň halkara obligasiýalar bazaryna, dört ýyldan soň ilkinji gezek, girişmeginiň öňüsyrasyna gabat geldi.

Polisiýa wakanyň bolan ýerine barýan ýollaryň ählisiniň böwetledi. Afinynyň merkezindäki bu sebit aglaba söwda işleri bilen meşgullanýan raýon hökmünde bilinýär.

Şeýle-de, polisiýa partlamanyň netijesinde daş-töwerekdäki binalaryň, şol sanda bankyň jaýynyň penjirelerine zeper ýetendigini habar berýär.

Partlamanyň boljakdygy barada ýurduň bir gazetine we onlaýn habar websahypasyna anonim görnüşde telefon jaňlary gelip gowşupdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Ýöne Gresiýanyň polisiýasy ýurduň käbir çepçi toparlaryndan şübhelenýär.
XS
SM
MD
LG