Sepleriň elýeterliligi

​Gazprom kärhanasy “GyrgyzGazy” satyn aldy


Russiýanyň döwlet “Gazprom” energiýa kärhanasy Gyrgyzystanyň “GyrgyzGaz” tebigy gaz korporasiýasyny öz eýeçiligine geçirdi.

10-njy aprelde Bişkekde Gyrgyzystanyň hökümeti bilen şertnama gol goýulandan soň, “Gazprom” kärhanasynyň başlygy Alekseý Miller bu barada žurnalistlere mälim etdi.

Miller bu ylalaşygy “taryhy” diýip atlandyryp, “Gazprom” Gyrgyzystandan “GyrgyzGaz” korparasiýasynyň paýynyň 100%-ni satyn aldy diýdi. Miller “GyrgyzGaz” korporasiýasynyň täze adynyň “Gazprom-Gyrgyzystan” boljakdygyny sözüne goşdy.

Miller gürrüňi edilýän gyrgyz döwlet kompaniýasynyň ähli bergileri “Gazprom” kärhanasynyň jogapkärçiligine geçer, Gyrgyzystandaky sarp edijiler üçin bolsa tebigy gazyň bahasy aşak düşüriler hem-de kompaniýa bilen ilteşikli ähli proýektler we programmalar, şol sanda sosial pudaga degişliler Gyrgyz hökümetiniň gatnaşmagynda beýan ediler we amala aşyrylar diýdi.
XS
SM
MD
LG