Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülşat: "Hamyrly naharlar köp iýilýär"


Türkmen pişmesi
Türkmen pişmesi
Resmi türkmen metbugaty "Awaza" syýahat zonasynda "Aziada - 2017 aşhanasy" ady bilen ussatlyk klaslarynyň dabaraly açylyşynyň bolandygyny habar berýär.

Bu çäre gatnaşmak üçin Türkmenistana dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan, şol sanda Britaniýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa respublikasyndan, Malaýziýadan, Hindistandan, Nepaldan, Ýaponiýadan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan aşpezler, kulinariýa hünärmenleri gelipdir.

Foruma gatnaşanlaryň türkmen saçagynyň milli däpleri bilen tanyşdyrylandygy habar berilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar bolsa, öz gezeklerinde, öz milli naharlary, saçak medeniýetleri barada maglumat beripdirler.

"Aziada - 2017 aşhanasy" seminarynyň türkmen aşpezleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gurnalandygy aýdylýar, çünki ol aşpezler Aşgabatda 2017-nji ýylda söweş sungatlary boýunça ýapyk binalarda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara hyzmat etmeli.

Bu seminar Türkmenistanda tutuş bir aýlap geçirilýän saglyk çärelerine hem gabat geldi.

Mälim bolşy ýaly, türkmenler "Saglyk agyzdan" diýýärler, çünki sagdynlyk adamyň iýýän-içýän zatlaryna hem bagly bolup durýar.

Eýsem türkmen saçagynyň esasyny düzýän, has dogrusy, türkmenleriň has köp iýýän milli tagamlary nähili naharlar we Türkmenistanda sagdyn naharlanmak baradaky düşünje nähili ýagdaýda?

Azatlyk Radiosy şu mesele bilen gyzyklanyp, türkmenistanly gelinler Gülşat we Jeren bilen söhbetdeş boldy.

Belki, bu söhbetdeşligi diňläp, sizem öz saçak, naharlanmak bilen bagly tejribeleriňizi, pikirleriňizi paýlaşarsyňyz.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:13 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG