Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Oppozisiýa protest geçirýär


Gyrgyzystanyň oppozisiýasynyň tarapdarlary hökümetiň syýasatyna protest bildirmek üçin tutuş ýurtda ýörişleri geçirýärler. 10-njy aprelde ýüzlerçe oppozision aktiwist Bişkegiň “Gorkiý” seýilgähine ýygnandylar.

Protestçiler prezident Almazbek Atambaýewe şu ýylyň ahyrynda NATO güýçleri Owganystany terk edensoň, Russiýanyň kompaniýalaryna ýurduň Manas aeroportyndaky tranzit merkezini öz üstüne geçirmäge rugsat bermek baradaky planlaryny gaýtadan gözden geçirmäge çagyryş etdiler.

Ýurduň günortasyndaky Oş şäherinde hem ýüzlerçe protestçi ýygnandy. Olar parlamentiň öňki başlygy Akmatbek Keldibekowyň türmeden boşadylmagyna çagyryş edýärler.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky beýleki Jalal-Abad şäherinde bolsa oppozision aktiwistler hökümetden Russiýanyň liderligindäki Gümrük Bileleşigine goşulmak baradaky şertnamasyny yza çekmegi we bu mesele barada milli referendum geçirmegi üçin çagyryş etdiler.

Ýurduň demirgazygyndaky Karakol şäherinde bolsa polisiýa hökümete garşy köpçülikleýin protestleri amala aşyrýan birnäçe ýüz oppozision aktiwisti tussag etdi.
XS
SM
MD
LG