Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Orsýetparazlara amnistiýa hödürlendi


Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow, Kiýew, 2014.

Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow, Kiýew, 2014.

Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow Ukrainanyň gündogarynda hökümet jaýlaryny basyp alan orsýetparaz aktiwistleri jezalandyrmazlyk üçin amnistiýa geçirmegi teklip etdi.

Orsýetparaz aktiwistler 6-njy aprelden bäri Donetsk we Lugansk şäherlerinde döwlet edaralaryny öz ellerinde saklaýarlar.

Donetskdäki protestçiler hökümet edarasyny eýeläp, 7-nji aprelde garaşsyz “Donetsk halk respublikasynyň” döredilýändigini yglan etdiler we hökümet binasynyň daşynda barrikada gurdular.

Orsýetparaz aktiwistleriň çykyşy

Aktiwistleriň biri Denis Puşilin 9-njy aprelde Donetskde geçirilen metbugat konferensiýasynda şeýle diýdi: “Häzir referendum bellendi. Onda garaşsyzlyk barada mesele goýlar. Halk garaşsyzlyga eýe bolansoň, Ukraina ýa Gollandiýa, Fransiýa ýa-da başga bir ýurt, belki-de Orsýet bilen özara federatiw ýa konfederatiw gatnaşyklary gurmak kararyna geler. Bu zatlary halk çözer, belki-de bu garaşsyz bir ýurt bolar, bu ýerde azyndan üç sany ýol döreýär”.

Orsýetparaz aktiwist Denis Puşilin Ukrainada emele gelen soňky ýagdaýlarda ukrain häkimiýetlerini aýyplady: “Hut Kiýewiň özi Ukrainany böldi we meseläni federal döwlet gurluşyny ýa-da şuňa meňzeş şertleri ulanmazdan çözüp bolmajak bir ýagdaýa getirdi. Sebäbi häzir ýurduň gündogar we günbatar böleklerini kanagatlandyryp biljek prezidenti saýlamak mümkin däl. Kiýew bu zatlaryň ählisini noýabr aýyndan bäri bolan wakalar arkaly döretdi”.

Resmi çykalga

Turçynowyň 10-njy aprelde Ukrainanyň kanun çykaryjylaryna aýtmagyna görä, eger protestçiler ýaragyny tabşyryp, garşylyk görkezmegini bes etseler, olar jezalandyrylmaz.

“Men muny prezidentiň karary hökmünde kanunlaşdyrmaga” taýýar diýip Turçynow aýtdy.

Soňra Turçynow “Biz bu problemany şu gün çözüp bileris” diýip belledi.

Şeýle-de Oleksandr Turçynow protestçilere has giňeldilen regional awtonomiýany teklip etdi: “Biz häziriň özünde regional bileleşikleri giňeltmek boýunça ýerli hökümetiň reformasy barada maslahat etmäge taýýar”.

9-njy aprelde Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow žurnalistlere separatistleri regional hökümetleriň edara jaýlaryndan çykarmagyň iki ýolunyň bardygyny, ol ýollaryň gepleşiklerden we güýçden ybaratdygyny aýtdy.

“Konflikt isleýän separatist azlyga Ukrainanyň hökümeti güýç arkaly jogap berer” diýip, Awakow duýdurdy.

Resmi Kiýew we onuň ýaranlary Orsýeti Ukrainanyň esasan ors dilli ilatly gündogarynda bulam-bujarlygy döretmekde we Ukrainanyň has uly territoriýasyny basyp almak synanyşygynda aýyplaýarlar. Moskwa bolsa bu aýyplamalary çürt-kesik ret edýär.
XS
SM
MD
LG