Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial ulgamlaryň adamlary birek-biregine birikdirýandigini görkezýän alamatlar.
Sosial ulgamlaryň adamlary birek-biregine birikdirýandigini görkezýän alamatlar.
Türkmen ýaşlarynyň internetdäki işjeňligi gün-günden artýar. Hiç hili gadagançylygyň ýaşlaryň hyjuwyny we durmuşyň öňe tarap hereketini hemişelik saklap bilmejegini durmuş tejribesi aýdyň görkezýär.

Biziň ýaşlarymyzyň geçen hepdedäki sosial aktiwligi üns bereniňe degýän temalaryň biridir. Gürrüňe “VKontakte” sosial ulgamyndan başlaýarys. Bu ulgamyň “Exclusive Chyrachylar” atly topary tarapyndan geçirilen pikir soralyşyga gelip gowşan teswirler, onuň soňky netijeleri barada gürrüň etmekçi.

Bu topar pikir soralyşygyň ýokarysynda “Salam millet.... 09.04.2014 sagat 22.00-ä çenli "Exclusive Chyrachylar" [topary] final ýaryşyny geçirýär” diýip bildiriş çap edipdir.

Bu sahypada il içinde “çyraçylar” diýip atlandyrylýan adamlaryňky bolup görünýän bäş ulagyň suraty we belgileri ýerleşdirilipdir hem-de sosial ulgamyň agzalaryndan iň gowy “çyraçy ulagyna” ses bermeklik soralýar.

7-nji aprelde gozgalan bu pikir soralyşyga 10-njy aprele çenli jemi 733 adam ses beripdir, bu tema 39 sapar halanyp, dört gezek hem gaýtadan çap edilipdir. Soňky netijelere görä, sosial ulgamyň agzalary tarapyndan iň az ses alan “AB 1082 DZ” belgili ulagdyr. Bu jogap häzirki wagt sesleriň 4,4%-ni alypdyr. Dördünji orny “AP 1196 AG” belgili ulag diýen jogap eýeläp, ol hem sesleriň 9,4%-ni alypdyr.

Üçünji orny “AL 4727 BN” belgili ulag diýen jogap eýeläp, ol hem sesleriň 24,6%-ni, ikinji orny-da “R 1265 AH” belgili ulag diýen jogap eýeläp, ol sesleriň 29,2%-ni alypdyr. Soňky netijelere görä, “AT 1770 AH” belgili ulag diýen jogap sesleriň iň köpüsini, ýagny 32,5%-ni alyp, ol ulag bäsleşikde birinji orny eýeläpdir.

Ses berişligiň aşagynda Emir Gylyç diýen agza “Hany Mary maşynlary ýokmaý?” diýip, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan ulaglaryň görkezilmegini isleýändigini bildirip, sorag beripdir. Agzalaryň käbiri bolsa: “Ýeri, öňe, saňa taý ýok!” diýip, öz halan ulagyny goldap, dürli äheňdäki teswirleri ýazypdyrlar.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda Şakalat atly agzanyň “Gyzlar vs Oglanlar hökman okaýmaly zat” diýen temasy iň köp okalan temalaryň biri bolupdyr. 6-njy aprelde gozgalan bu tema 10-njy aprele çenli jemi 1381 sapar okalypdyr we oňa 65 sany hem teswir galdyrylypdyr.

Otuz sekiz gezek hem halanan bu temada “Erkekleriň we aýallaryň bir-birleriniň hemişe nerwisini gyjyklaýan käbir häsiýetleri bolýar” diýilýär we “Erkekler nämäni halanok?” diýen sorag berlip, soňra-da bu ugurdan dokuz sany jogap görkezilýär. Şol jogaplaryň käbirini siziň bilen paýlaşasym gelýär. Agzalan soraga şeýle taýyn jogaplar görkezilipdir:

1.“Ýolda maşyn sürmäni başaryp bilmeyän gyzlary;
2. 5 min[ut] diýip, 55 min[ut] garaşdyrýan gyzlary;
3. Ökjeli köwşi bilen dep kakýan gyzlary: köwşüniň aşagy nally gyzlar sebäpli köçede we işde ses kirliligine [aşa ses derejesine] sezewar bolýarys;
4. Jalbaryny ütüklände, oňa iki çyzyk salýan aýallary: öz-ä işe howlugyp barýan, üstesine-de jalbarynda iki çyzyk bar [bolsa], [onda] göni nerwi galýar;
5. Işden gelen wagtyň köp sorag soraýan aýallary;
6. Kitap ýalyjak kiçi ýa-da bolmasa çemedan ýaly sumka göterip ýören ayallary”.

Garaz, bu agzap geçenlerim, Şakalat atly agzanyň gozgan temasynda aýdylyşyna görä, erkekleriň zenanlarda halamaýan häsiýetleriniň diňe käbirleri diýlip görkezilýär.

Şakalat atly agza “Aýallar nämäni halanok?” diýip, ýene-de 13 sany zady sanaýar. Bu maddalaryň hem käbirlerini agzap geçsem, olaryň arasynda “joraplaryny tokgalap, bir gyra zyňyp göýberýän erkekler; öýe gelensoň jorap çalyşmaýan ýa-da aýagyny ýuwmaýan erkekleri ayallar hiç halamaýar; jynsy balagyň aşagyndan uçlak köwüş geýýän erkekleri; restoranda hasaby tölejek wagty hondanbärsi bolup, pul peşeýän erkekleri: hamala, diňe özi pul göterýän ýaly; jak-jak sakgyç çeýneyän erkekleri”.

Indi, geliň, bu agzalan tema galdyrylan teswirlere göz aýlalyň... Sosial ulgamyň Çeltek atly agzasy “Aýallaryň erkeklerde halamaýan zatlarynyň köpüsini erkekleriň özlerem halanok az-kem adam daş töweregine esewanrak bolup ýaşajak bolmaly, isle aýal bolsun, isle erkek” diýip, öz pikirini beýan edipdir. Martins atly ýene bir agza bolsa: “Öýlenenimizden soň, joraby tokgalap zyňmajak bolarys-da” diýip, temanyň bir maddasy baradaky öz garaýşyny degişme äheňinde beýan edipdir.

Gülbeşek atly agza bolsa: “Awtor ýene bir zady ýazmansyň, haçan-da saçak başynda ýa-da gyzyň (aýalynyň) ýanynda telefonyny oýnaýan ýa-da internede girýän erkekleriň” hem halanmaýandygyny ýazmaly eken diýip, özüniň şeýle erkekleri o diýen halap barmaýandygyny ýaňzydypdyr.
XS
SM
MD
LG