Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sportsmenler we “iýmit ýetmezçiligi”


Türkmenistanly sportsmen Mergen Mamedow.
Türkmenistanly sportsmen Mergen Mamedow.
Türkmenistanda häzirki döwürde geçirilýän “Sagdynlyk we bagtýyarlyk” aýy mynasybetli her gün onlarça medeni we sport çäreleri gurnalýar.

Emma edil şu pursatda paýtagt Aşgabadyň sport, fitness merkezlerinde we ýörite sport dükanlarynda sportsmenler üçin niýetlenen ýörite iýmit goşmaçalary (Food supplements), ýagny sportsmeniň türgenleşýän mahaly we ondan soňraky bedenini dikeldiş döwri organizme zerur bolan belok, uglewod, amino kislotalar, witaminler ýaly maddalary özünde jemleýän önümler satylmaýar.

Munuň sebäbini bilmek üçin Aşgabatdaky habarçymyz ençeme sport, fitness merkezine we ýörite sport dükanyna aýlandy, emma takyk jogap alyp bilmedi. Il arasynda bolsa şeýle önümleriň ýurtda gadagandygy barada gürrüňler bar. Bu gürrüňi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem tassyklady.

Eýsem, şeýle önümler sportsmenler üçin näderejede möhüm we olaryň tapylmazlygy sportsmenlere nähili täsirini ýetirýär? Bu gadaganlyk barada sportsmenler näme pikirde? Ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda şu tema hakda pikir alyşmakçy.

Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz. Isleseňiz, öz garaýyşlaryňyzy we tejribeleriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG