Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: “Kanunlaşdyrmaga” synanyşmaklyk bes edilmeli


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainadaky ýagdaýlary koşeşdirmek islenýän bolsa, munuň üçin Ukrain hökümetini “kanunlaşdyrmaga” synanyşmagy bes etmek möhümdir diýdi.

11-nji aprelde Moskwada eden çykyşynda Lawrow Ukrainanyň NATO goşulmagyna Moskwanyň garşydygyny belläp, ýurtdaky krizisi çözmek üçin Kiýewiň “bitaraplygynyň” kanuny taýdan kepil geçilmeginiň hem zerurdygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol Russiýanyň öňümizdäki hepde Birleşen Ştatlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň gatnaşmagynda geçiriljek dört taraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny hem belledi.

Lawrow energiýa meseleleri, şol sanda Ukrainanyň tebigy gaz boýunça Moskwa bolan bergisiniň hem şol duşuşygyň gün tertibine girizilmeginiň möhümdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG