Sepleriň elýeterliligi

​Dagystan: Ymam atylyp öldürildi


Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda ýurduň çetki nokadynda zähmet çekýän ymam atylyp öldürildi.

Dagystanyň polisiýasynyň anna güni beren maglumatyna görä, Magomed Zakarýaýew ýüzi maskaly iki hüjümçi tarapyndan respublikanyň Gyzyl-Ýurt etrabynda gijäniň ýary atylyp öldürilipdir. Zakarýaýew wakanyň bolan ýerinde aradan çykypdyr.

Derňewçiler ymamyň ekstremist Yslamy yzarlaýanlar tarapyndan öldürilen bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýarlar.

Dagystan yslamçy ekstremistler we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Söweşijiler polisiýany, ýerli resmileri we aram musulmanlary ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.
XS
SM
MD
LG