Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazak polisiýasy protestçileri tussag etdi


Gazagystanyň paýtagty Astanada polisiýa 30 çemesi ýerli ýaşaýjydan ybarat köpçülikleýin protesti dargatdy. Protestçiler resmi dolandyryjylar tarapyndan konfiskasiýa edilendigi aýdylýan emläkleri üçin maksadalaýyk kompensasiýa talap edýärler.

Jemi 27 adamdan ybarat protestçiler polisiýa tarapyndan tussag edilip, güýç bilen awtobuslara mündürildi we soňra 11-nji aprelde boşadyldy. Protestçileriň 12 sanysy çagalardan ybaratdy.

Protestçiler ýurduň baş prokurory Ashat Dauylbaýew bilen duşuşmagy talap edip, Astananyň baş prokuraturasynyň öňünde ýygnanypdylar.

Protestçiler Astanada Nazarbaýew uniwersitetiniň täze jaýlaryny we beýleki döwlet binalaryny gurmak üçin ulanyljak territoriýadaky jaýlary ýykylyp, hususy mülkleri ellerinden alyndan soň, şäher resmileriniň özlerine ýeterlik kompensasiýa tölemändiklerini aýdýarlar.

Gürrüňi edilýän protestçiler binanyň içinde Dauylbaýewiň wekili bilen duşuşmagy ret edensoň, polisiýa wakanyň bolan ýerine baryp, protestçileri güýç bilen alyp gidýär.
XS
SM
MD
LG