Sepleriň elýeterliligi

​Aziada 2017: Simwollara bolan garaýyşlar


Taslama simwollar

Taslama simwollar

Ýakynda Aşgabatda "Aşgabat – Aziada-2017-niň paýtagty" atly halkara sergi geçirildi. Bu sergide 2017-nji ýylda boljak 5-nji Aziýa oýunlary bilen bagly eksponatlar hem-de Aziýa oýunlarynyň umumy simwolynyň taslama görnüşleri görkezildi.

Azatlyk Radiosy bu sergide görkezilen 6 taslama simwollaryň suratyny alyp, websahypasynda ýerleşdirdi we türkmen auditoriýasyndan Aziada üçin niýetlenen şol oýunlaryň simwollarynyň taslama görnüşlerine bolan garaýyşlaryny beýan etmeklerini sorap, “Haýsy simwoly saýlardyňyz?” diýen ýörite forumda pikir soralyşygyny açdy.

“Siz oýunlaryň simwoly hökmünde taslamalaryň haýsy birini saýlardyňyz?” diýen foruma häzirki wagta çenli ençeme teswirler ýazyldy. Häzir olaryň käbrilerini siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Foruma gelen teswirleriň aglabasynda Aşgabatda geçiriljek Aziada oýunlarynyň simwolynyň taslamasy hökmünde saýlanyp alnan haýwanyň şekili aýratyn nägilelik döredýär. Meselem, Ahaldan Geldi atly ildeşimiz, simwollaryň taslamasyndaky haýwan “Eşekmi ýa gatyr, ýa-da at? Bu haýwanlaryň haýsysy?” diýip sorag beripdir. NŞL ady bilen teswir galdyran beýleki bir okyjymyz hem Geldiniň garaýyşlaryny goldaýan äheňde “Başga haýwan ýokmy? Gaplaň bar, keýik bar başga zatlaram goýaýyň how” diýip, forumda öz duýgularyny janygyp, beýan edipdir.

Nämälim ady bilen teswir galdyran okyjymyz bolsa türkmenleriň adynyň öňem daşary ýurtlarda gowy däldigini, mundan beter hem ýere sokmaly däldigini aýdyp, websahypamyzyň forumynda galdyran teswirinde şeýle diýýär: “Hijisini saýlamazdym, gowja surat ýa-da şekil goýulsa, gowy bolar. Türkmeniň ady daşary ýurtlarda öňem gowy däl, [ony] hasam ýere sokmaly däl ekenler”.

Adyny ýazmazdan teswir galdyran başga bir okyjymyz bolsa: “Berdişkanyň öz eksponatyny goýsalar, has gowy bolardy” diýen ýaňsylaýjy pikiri galdyrypdyr.

Käbir beýleki okyjylarymyz bolsa, ýokardaky ildeşlerimiziň garaýyşlarynyň tersine öz halaýan simwollarynyň taslamalaryny saýlap, iň köp ses alan taslamalaryň biri barada garaýşyny beýan edipdir. Wanderleý ady bilen teswir galdyran bu okyjymyz: “Has köp 4. [-nji belgili simwolyň nusagasy] saýlanypdyr welin, onuň garny çykyp dur dämaý?” diýip, bu taslamanyň iň köp ses almagyna özüniň juda geň galandygyny duýdurypdyr.

Şeýle-de, käbir okyjylarymyzyň arasynda 5-nji Aziýa oýunlarynyň simwolynyň taslamasy üçin edilýän bu zatlaryň biderek çykdajydygyny aýdanlar hem bar. Rafi ady bilen öz garaýşyny bildiren okyjymyz “biderek çykdajy” diýip, bu ugurda öz pikirini gysgaça beýan edipdir.

Begenç ady bilen teswir galdyran okyjymyz bolsa: “Teklip edilýän we belleniljek şu simwollaryñ biri boljak bolsa, Aziadanyň özüniň nähili geçiriljekdigini bir Alla bilýär, masgara bolarlar, gör-de duruberiñ, gynanyljak zat welin, birentek gurnaýjylar üçin tutuş türkmeniñ üstünden gülünjek” diýip, öz tankydy garaýşyny birneme giňişleýin ýazypdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, pikir soralyşygyň soňky netijelerini hem siziň dykgatyňyza hödürleýäris. 11-nji apreldäki netijelere görä, okyjylarymyz iň az sesi 5-nji belgili jogaba beripdirler. Bu jogap häzirki wagt sesleriň 6,3%-ni alypdyr. Bäşinji orny 1-nji beligili jogap eýeläp, ol hem sesleriň 11,4%-ni alypdyr.

Dördünji orny 2-nji belgili jogap eýeläp, ol sesleriň 12,7%-ni, üçünji orny bolsa 6-njy belgili jogap eýeläp, ol hem sesleriň 17,7%-ni alypdyr. Soňky netijelere görä, ikinji orny 4-nji beligili jogap eýeläp, ol sesleriň 25,3%-ni alypdyr. Birinji oruny bolsa 3-nji belgili jogap eýeläp, ol sesleriň 26,6%-ni alypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlarynyň simwoly hökmünde agzalýan taslamalaryň haýsy biriniň saýlanandygy barada türkmen metbugatynda henize çenli hiç hili resmi maglumat berilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG