Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Separatistler polisiýa stansiýasyny eýeledi


Ýaragly adamlar Ukrainanyň gündogaryndaky Slowýansk şäherinde polisiýa bölümini öz kontrollugyna aldy.

Ukrainynyň içeri işler ministri Arseniý Awakow Slowýansk şäherine ýörite güýçleriň iberilendigini aýdýar.

Awakow 12-nji aprelde Feýsbukda bu meselede beriljek gaýtargynyň juda berk boljakdygyny, sebäbi protestçiler bilen terrorçylaryň arasynda uly tapawudyň bardygyny aýtdy.

Donesk regional polisiýasynyň sözçüsi Ihor Dýumin komuflýaž formasyny geýen 15-20 adamyň, şol sanda iş başyndaky polisiýa ofiserleriniň Slowýansk polisiýa stansiýasynyň içindedigini aýtdy.

Slowýanskiniň şäher häkimi Nelýa Ştepa binanyň içindäki ýaragly adamlar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny habar berdi.

Slowýansk Doneskden 100 km çemesi demirgazykda ýerleşýär we onuň 130 müň çemesi ilaty bar.

Şu arada Doneskiniň regional prokuraturasynyň edarasy öten agşam ondan gowrak adamyň prokuraturanyň jaýyna girendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG