Sepleriň elýeterliligi

Putin: Orsýet gaz şertnamalaryny sylar


Prezident Wladimir Putin Orsýetiň ýewropaly müşderilere tebigy gaz satmak boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirjegini aýtdy.

Şeýle-de Putin 11-nji aprelde Orsýetiň Ukraina gaz ibermegi togtatmak planlarynyň ýokdugyny aýtdy. Ýöne ol Moskwanyň Kiýewi gaz üçin tölegi öňünden bermeli edip biljegini aýtdy.

Ol bu sözleri Ýewropa Komissiýasy Orsýeti öz gaz şertnamalaryny sylamaga çagyrandan soň aýtdy.

Mundan aýrylykda, Germaniýanyň maliýe ministri Wolfgang Şoýble 11-nji aprelde Waşingtonda Günbatar Kiýewiň Orsýete gazyň bahasyny tölemegine kömekleşmegiň pikirini etmeli diýdi.

Ukraina Moskwanyň täze bellän ýokary bahasyndan gaz almaga razy bolup bilmejegini we muňa derek Ýewropadan gaz almaga umyt baglaýandygyny aýdýar.

Ukrainanyň energiýa we kömür ministri Ýuriý Prodan Ukrainanyň Orsýetiň gazyň bahasyny ýokarlandyrmak baradaky kararyna Stokgolmdaky arbitraž tribunalyna ýollajagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG