Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýer süýşdi


Owgan resmileri demirgazykdaky Takhar welaýatynda bolan ýer süýşmesi netijesinde dört adamyň ölendigini, 100 çemesi jaýyň bolsa weýran bolandygyny aýdýarlar.

Bu ýer süýşmesi agyr ýagan ýagyş we kiçiräk ýer titremesi netijesinde bolup, 12-nji aprelde Takharyň Rustag etrabynda ýerleşýän iki obanyň üstünden düşüpdir.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gözegçiliginiň maglumatyna görä, demirgazyk Owganystanda ýerli wagt bilen ir sagat 2.30-da 4.1 bally ýer yranmasy bolupdyr.

Takhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Sinatulla Taýmur obalylaryň köpüsiniň beýik ýerlere çykyp oturandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG