Sepleriň elýeterliligi

Eýran BMG bilen işleşjegini aýdýar


Tähran Birleşen Ştatlaryň Eýranyň BMG-ä teklip eden täze ilçisi Hamid Abutalebä wiza bermejegini ret etdi we bu işi göni BMG bilen çözjegini aýtdy.

Daşary işler ministri Abbas Arakçi eýran mediasyna 12-nji aprelde Tähran bu meseläni BMG-niň kanun mehanizmleri arkaly çözmegi planlaşdyrýar diýdi.

Arakçi biz Abutalebä derek başga bir adamy saýlap almagyň pikirini etmeýäris diýdi.

Waşington Abutalebiniň kandidaturasyny ret etdi, sebäbi ol 52 amerikalyny 444 günläp zamun alan yslamçy studentler toparyna dahyllylykda güman edilýär.

Bu zamun alyş 1979-njy ýylda, studentler topary Birleşen Ştatlaryň Tährandaky ilçihanasyny ele geçirende başlanypdy.

Abutalebi özüniň diňe bu topara terjimeçilik edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG