Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Separatistler binalary eýeleýär


Separatist protestçiler Ukrainanyň gündogar şäheri Slowýanskde şäher häkimliginiň jaýyny we ýerli howsuzlyk gullugynyň binasyny ele geçirdiler.

Biraz öň olar şäheriň polisiýa stansiýasyny ele geçiripdiler. Slowýansk şäheriniň häkimi Nelýa Ştepa şäher häkimliginiň binasynyň içinde müňe golaý adamyň bardygyny we binanyň üstünde rus baýdagynyň galdyrylandygyny aýtdy.

Şäher polisiýasy Orsýete tarapdar separatistleriň irden polisiýa stansiýasyny eýeläp, ol ýerdäki 400 çemesi sapançany we 20 sany awtomatiki ýaragy ele geçirendiklerini aýdýar.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arseniý Awakow Slowýansk şäherine ýörite güýçleriň iberilendigini aýdýar. Awakow bu meselede beriljek gaýtargynyň juda berk boljakdygyny, sebäbi protestçiler bilen terrorçylaryň arasynda uly tapawudyň bardygyny aýtdy.

Slowýansk Doneskden 100 km çemesi demirgazykda ýerleşýär we onuň 130 müň çemesi ilaty bar.

Şu arada Doneskiniň regional prokuraturasynyň edarasy öten agşam ondan gowrak adamyň prokuraturanyň jaýyna girendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG