Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Polisiýa stansiýasy eýelendi


Separatist protestçiler Ukrainanyň gündogar şäheri Slowýanskde şäher häkimliginiň jaýyny we ýerli howpsuzlyk gullugynyň binasyny ele geçirdiler. Biraz öň olar şäheriň polisiýa stansiýasyny ele geçiripdiler.

Slowýansk şäheriniň häkimi Nelýa Ştepa şäher häkimliginiň binasynyň içinde müňe golaý adamyň bardygyny we binanyň üstünde rus baýdagynyň galdyrylandygyny aýtdy.

Şäher polisiýasy Orsýete tarapdar separatistleriň irden polisiýa stansiýasyny eýeläp, ol ýerdäki 400 çemesi sapançany we 20 sany awtomatiki ýaragy ele geçirendiklerini aýdýar.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arseniý Awakow Slowýansk şäherine ýörite güýçleriň iberilendigini aýdýar.

Awakow bu meselede beriljek gaýtargynyň juda berk boljakdygyny, sebäbi protestçiler bilen terrorçylaryň arasynda uly tapawudyň bardygyny aýtdy.

Slowýansk Doneskden 100 km çemesi demirgazykda ýerleşýär we onuň 130 müň çemesi ilaty bar.

Şu arada Doneskiniň regional prokuraturasynyň edarasy öten agşam ondan gowrak adamyň prokuraturanyň jaýyna girendigini aýtdy.

Ukrainanyň iş başyndaky daşary işler ministri Andriý Deşçitsia Moskwany «Orsýetiň Ukrainanyň gündogar regionlaryndaky ýörite agentleri tarapyndan edilýän prowokatiw hereketleri» togtatmaga çagyrdy.

Ol 12-nji aprelde rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen eden telefon gürrüňinde Orsýetiň gündogar regionlardaky agentleriniň hereketleri Ženewada Ukrainadaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça boljak duşuşygy başa bardyrmazlyk üçin guralýar diýdi.

Orsýete tarapdar toparlar 6-7-nji aprelden bäri Donesk şäheriniň regional binasyny we Luhansk şäherindäki hwopsuzlyk gullugynyň edarasyny eýeläp, Ukrainanyň federasiýa düzgünine geçirilmegini talap edýärler.

Deşçitsia özüniň ABŞ, ÝB, Orsýet, Ukraina arasynda 17-nji aprelde Ženewada geçiriljek gepleşiklere gatnaşýandygyny hem tassyk etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG