Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Twitteri aýyplaýar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan mikro-blog saýty bolan Twitteri salgytdan gaçmakda aýyplady.

Erdogan sosial-media saýtlaryny adamlaryň şahsy durmuşyna gatyşmakda aýyplap, olara garşy dowamly göreş alyp barýar.

Twitter korrupsiýa galmagalynda premýer-ministre ýakyn durýan birnäçe syýasatçynyň çaklanýan telefon gürrüňlerini we beýleki hususy ýazgylaryny ile ýaýmagyň platformasy hökmünde ulanyldy.

Erdogan 12-nji aprelde telewideniýede berlen sözlerinde "Twitter, YouTube, we Facebook girdeji üçin döredilen halkara kompaniýalary, şol bir wagtda Twitter salgytdan gaçýar. Biz onuň yzyndan ýeteris" diýdi.

Türkiýäniň Konstitusiýa sudy geçen hepde hökümetiň Twittere 21-nji martda, ýerli saýlawlaryň öň ýanynda girizen gadaganlygyny ýatyrdy.
XS
SM
MD
LG