Sepleriň elýeterliligi

Kerri Orsýete duýduryş berýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa, eger Orsýet gündogar Ukrainadaky ýagdaýy köşeşdirip, öz serhetdäki goşunlaryny yzyna çekmese, Orsýetiň munuň üçin goşmaça netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljagyny duýdurdy.

Birleşen Ştatlaryň resmisi bu duýduryşyň 12-nji aprelde, Lawrow bilen edilen telefon gürrüňinde berlendigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda «Kerri öz aladalaryny tassyklap biljek hiç bir anyk fakty berip bilmedi» diýilýär.

Lawrow öz gezeginde Kerrä ukrain häkimiýetleriniň gündogar Ukrainada islendik ýaragly hereketi planlaşdyrylan gepleşikleri töwekgellige salyp biler diýdi.

Ol gündogar Ukrainadaky etniki ruslara garşy islendik güýç ulanylmasy hyzmatdaşlyk mümkinçiligine, şol sanda Ženewada 17-nji aprelde dört tarapyň gatnaşmagynda geçirilmekçi gepleşiklere zyýan ýetirer diýdi.
XS
SM
MD
LG