Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi ötünç soraýar


Orsýetiň Hakasiýa respublikasynyň parlament spikeri Moskwanyň Gazagystanyň territoriýalaryny «eýelemek» hukugy barada eden beýanaty üçin ötünç sorady.

Wladimir Ştygaşew 12-nji aprelde öz sözleriniň ýalňyş terjime edilendigini aýtdy we bu beýanat zerarly ynjan her bir adamdan «çyndan ötünç» sorady.

Media şu hepde Ştygaşewiň ozal Orsýet Federasiýasynyň bir bölegi bolan käbir territoriýalaryň Gazagystana berlendigi, şu sebäpden ol ýerleriň referendum arkaly Orsýete gaýtarylyp bilinjegi barada aýdan sözlerini ile ýetirdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi 11-nji aprelde Orsýetiň ilçisini çagyryp, Ştygaşewiň beýanaty üçin düşündiriş sorady.

Orsýetiň daşary işler ministrligi Orsýetiň regional guramalarynyň käbir wekilleriniň rus-gazak gatnaşyklarynyň taryhy aspektleri barada käbir jogapkärçiliksiz sözleri aýdandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG