Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ÝYB-ä garşy ýygnak geçdi


500 çemesi žurnalist, syýasatçy we aktiwist Almatyda ýygnanyp, Gazagystanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (ÝYB) goşulmagyna garşylyklaryny bildirdi.

Bu maslahat 12-nji aprelde, Kazhol myhmanhanasynda, «Anti-Ewraziýa forumy» diýen at bilen geçirildi.

Maslahatda çykyp gürlänleriň birnäçesi Gazagystanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agzalygy onuň bu birleşigiň içinde öz döwletliligini ýitirmegine alyp geler diýdi.

Aktiwistler prezident Nursoltan Nazarbaýewiň Gazagystanyň öz garaşsyzlygyny ýitirmegine gönüden-göni jogapkär boljagyny aýtdylar.

Ýygnanyşykda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini Sowet Soýuzyna deňeýän plakatlar görkezildi.

Gazagystanyň daşary işler ministri Erlan Idrisow geçen hepde Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň prezidentleriniň maýda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini döretmek baradaky şertnama gol çekjeklerini aýtdy.

Bu üç ýurt Gümrük Bileleşiginiň hem agzalary we bu gurama geljekde dörediljek bileleşigiň esasyny goýýar. «Anti-Ewraziýa forumynda» polisiýa bolmady.
XS
SM
MD
LG