Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýada prezident saýlanýar


Makedoniýalylar 13-nji aprelde täze prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Bu saýlawa Ýewropa Bileleşigine kandidat ýurtda, şu aýyň aýagynda geçjek ýerli saýlawlaryň öňünden, dolandyryjy partiýa üçin bir synag hökmünde seredilýär.

Prezidentlik ugrunda dört kandidat, şol sanda häzirki prezident Gýorge Iwanow hem bäsleşýär.

Prezident Iwanow dolandyryjy partiýadan we ikinji bäş ýyl möhlet üçin göreşýär.

Pikir soraşlyklarda Iwanowyň sesleriň 30 prosent çemesini aljagy çaklanýar, onuň esasy garşydaşy, oppozisiýa kandidaty Stewo Pendarowski bolsa, 16 prosent ses alar öýdülýär.

Eger saýlawlaryň birinji tapgyrynda hiç kim 50 prosentden artyk ses almasa, onda iki esasy kandidat 27-nji aprelde gaýtadan bäsleşige çykar. Şonda parlament saýlawlary hem geçiriler.
XS
SM
MD
LG