Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Baýdeni Kiýewe iberýär


Ak tam Orsýetiň harby eskalasiýasyna garşy duýduryş berip, Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýdeniň 22-nji aprelde Ukraina barýandygyny aýtdy.

Ak tamyň 12-nji apreldäki beýanatynda Baýdeniň hökümet ýolbaşçylary, raýat jemgyýeti toparlary bilen duşuşyklarynda Birleşen Ştatlaryň «birleşen, demokratik Ukraina berk goldaw» berjeginiň nygtaljagy aýdylýar.

Beýanatda Baýden bilen ukrain resmileriniň golaýda gündogar Ukrainada, görnüşinden, Moskwanyň goldawy bilen, orsýetçi separatistleriň öjükdirmek we ukrain döwletini durnuksyzlaşdyrmak üçin edýän dowamly kampaniýasy barada hem maslahat etjegi bellenilýär.

Duşuşyklarda Ukrainanyň gysga we uzak wagtlyk energiýa howpsuzlygy barada hem maslahat ediler.

Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Laura Lukas Magnuson 12-nji aprelde şeýle diýdi:

«Biz prezident (Wladimir) Putini we onuň hökümetini Ukrainany durnuksyzlaşdyrmak üçin edýän ähli tagallalaryny bes etmäge çagyrdyk, harby interwensiýany mundan aňryk ilerletmeli däldigini duýdurdyk.»
XS
SM
MD
LG