Sepleriň elýeterliligi

Slowýanskde 'anti-terror' operasiýa başlandy


Ukrainanyň içeri işler ministri howpsuzlyk güýçleriniň gündogar şäher Slowýanskde terrora garşy operasiýa başlandyklaryny aýdýar.

Iş başyndaky içeri işler ministri Arsen Awakow öz feýsbuk sahypasynda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ähli bölümlerinden Slowýanskä esgerleriň getirilendigini aýtdy.

Bu Orsýete tarapdar aktiwistleriň 12-nji aprelde, awtomatiki ýarag göterip, gündogar Ukrainada polisiýa stansiýasyna zabt eden şäherleriniň biri.

Kramatorsk şäherinde bolsa, ýaragly adamlar polisiýa edarasyny howpsuzlyk güýçleri bilen atyşykdan soň ele geçirdiler.

Donesk şäheriniň polisiýa bölüminiň başlygy Konstantin Požidaýew, orsýetçi aktiwistleriň mejbur edendigini aýdyp,12-nji aprelde işden çekildi.

Separatistler Doneskde esasy hökümet binalaryny eýelemegi dowam etdirýärler.

Ukrain hökümeti, gündogar Ukrainada polisiýa edaralaryna we hökümet binalaryna edilýän hüjümleriň köpelmegi bilen, Orsýeti «agressiýada» aýyplady.
XS
SM
MD
LG