Sepleriň elýeterliligi

Ministr: "Slowýanskde öldürilenler bar"


Ukrainanyň iş başyndaky içeri işler ministri gündogardaky Slowýansk şäherinde barýan anti-terror operasiýa mahalynda «iki tarapdan hem ölenler, ýaraly bolanlar bar» diýýär.

Arsen Awakow öz feýsbuk sahypasynda 13-nji aprelde orsýetçi aktiwistler bilen bolan atyşyk mahalynda Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň bir ofiseri öldürildi, ýene bäşisi bolsa ýaralandy diýdi.

Awakow orsýetçi aktiwistler tarapyndan bolan pidalaryň sanynyň anyk däldigini aýtdy.

Ol separatistlere bir müň çemesi adamyň goldaw berýändigini sözüne goşdy.

Slowýansk Orsýete tarapdar aktiwistleriň 12-nji aprelde, awtomatiki ýarag göterip, gündogar Ukrainada polisiýa stansiýasyna zabt eden şäherleriniň biri.

Kramatorsk şäherinde bolsa, nyşansyz ýuniforma geýen ýaragly adamlar howpsuzlyk güýçleri bilen atyşyp, polisiýa edarasyny eýelediler.

Wideo

Donesk şäheriniň polisiýa bölüminiň başlygy Konstantin Požidaýew, orsýetçi aktiwistleriň mejbur edendigini aýdyp, 12-nji aprelde işden çekildi.

Separatistler Doneskde bir hepde ozal eýelän esasy hökümet binalaryny elde saklamagy dowam etdirýärler.

Ukrain hökümeti, gündogar Ukrainada polisiýa edaralaryna we hökümet binalaryna edilýän hüjümleriň köpelmegi bilen, Orsýeti «agressiýada» aýyplady.

Slowýanskdäki habarçylar 13-nji aprelde irden şäheriň üstünde harby wertolýotlaryň uçup ýörendigini habar berdiler.

Awakow feýsbuk sahypasynda ýaşaýjylaryň öýleriniň içinde oturmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ol şäherde atyşyklaryň bolandygyny aýtdy. Emma «Roýters» habar gullugynyň Slowýanskdäki habarçysy atyşyk sesini eşitmändigini aýtdy.

Wideo

Habarçylar gündogar Ukrainanyň şäherlerinde köpüsi ýüzi perdeli, nyşansyz ýuniforma geýen ýaragly adamlar tarapyndan ýokary guramaçylyk bilen taýýarlanan hüjümiň martda Krymda bolan zatlara çalym edýändigini aýdýarlar.

Orsýet 16-njy martda bolan referendumdan soň Krymy anneksiýa etdi, Ukraina we Günbatar döwletleri bolsa muny bikanun iş hökmünde ýazgardylar.

Orsýet gündogar Ukrainadaky orsýetçi aktiwistlere garşy güýç ulanmaly däldigini aýdyp, Kiýewe duýduryş berdi.

Ol aktiwistler awtonomiýa barada refrendum geçirilmegini we Orsýete goşulmak mümkinçiligini talap edýärler.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 12-nji aprelde ukrain häkimiýetleri tarapyndan gündogar Ukrainada edilen islendik ýaragly hereket planlaşdyrylan dört taraply gepleşigi töwekgellige salyp biler diýip duýdurdy.

17-nji aprelde Ženewada planlaşdyrylan gepleşiklere Orsýet, Ukraina, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi gatnaşmaly.

Birleşen Ştatlaryň resmisi döwlet sekretary Jon Kerri 12-nji aprelde Lawrowa telefon edip, eger gündogar Ukrainadaky ýagdaýy köşeşdirmek ugrunda hereket edip, serhetdäki goşunlaryny yzyna çekmese, Orsýetiň «goşmaça netijelerden» ejir çekjegini aýtdy diýdi.
Jo Baýden

Jo Baýden

Ak tam ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň 22-nji aprelde Ukraina barjagyny aýtdy.

Ak tamyň 12-nji apreldäki beýanatynda bu saparda hökümet ýolbaşçylary we raýat jemgyýetiniň toparlary bilen guralan duşuşyklarda Baýdeniň Birleşen Ştatlaryň «birleşen we demokratik Ukraina berk goldaw berjeginiň» nygtaljagy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG