Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: Başlangyç netijeler Abdyllany saýlaýar


Abdylla Abdylla bilen Aşraf Ganiniň ýanaşyk suratlary

Abdylla Abdylla bilen Aşraf Ganiniň ýanaşyk suratlary

Owganystanyň prezident saýlawlarynyň ilkinji bölekleýin netijeleri ozalky daşary işler ministri Abdylla Abdyllanyň öz esasy bäsdeşi, ozalky maliýe ministri Aşraf Ganiden öňde barýandygyny görkezdi.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy başlangyç netijeleriň 34 welaýatyň 26-synda berlen sesleriň 10 prosentine esaslanýandygyny we munuň Abdyllanyň 41.9 prosent ses alyp, öňde barýandygyny görkezendigini aýtdy.

Gani 37.6 prosent ses bilen ikinji ýerde dur.

Üçünji kandidat, ozalky daşary işler ministri Zalmaý Rasul bolsa, sesleriň 9.8 prosentini alypdyr.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmad Ýusuf Nuristani sesleriň sanalmagynyň dowam etmegi bilen öňde barýan kandidatyň ýeriniň aňsat çalyşmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Nuristany 13-nji aprelde Kabulda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, ilkinji netijeleriň berlen sesleriň 500 müňden sähel gowragyna esaslanýandygyny aýtdy.

Galplyk şikaýatlary

Owganystanyň Garaşsyz şikaýatlar komissiýasynyň sözçüsi Nader Mohseni özlerine 5-nji aprelde geçen saýlawlar mahalynda ýol berlendigi aýdylýan galplyklar barada 1900-e golaý ýazmaça we resmi şikaýatyň gelip gowşandygyny aýtdy.

Şeýle-de bu komissiýa telefon arkaly 1400-e golaý şikaýat edilipdir.

Şikaýatlaryň köpüsi demirgazykdaky Balh we günbatardaky Hyrat welaýatlaryndan gelip gowşupdyr. Bu ýerlerdäki saýlaw uçastoklarynyň käbirinde saýlaw güni saýlaw býulletenleri gutarypdyr.

Mohseni komissiýanyň 870 çemesi şikaýaty «A» kategoriýasyna degişli edendigini we munuň bu şikaýatlaryň saýlaw netijelerine täsir ýetirip biljegini aňladýandygyny aýtdy.

Mohseni komissiýanyň galp sesler bilen dürs sesleriň arasyny açmak, olary tapawutlandyrmak meselesine çynlakaý garaýandygyny sözüne goşdy.

2009-nji ýyldaky prezident saýlawlarynyň giň ýaýran galplyklar bilen utgaşandygy barada gürrüň edilipdi.

Mohseni bu gezekki saýlawda galplyklaryň «az bolandygyny» belledi.

Saýlawlaryň doly deslapky netijeleri 24-nji aprelde belli bolmaly. Ahyrky netijeler bolsa, galplyklar we bidüzgünçilikler baradaky şikaýatlar doly derňelenden soň, maý aýynda yglan edilmeli.

Eger öňdebaryjy kandidatlaryň hiç biri 50 prosentden kän ses almasa, öňe saýlanan iki kandidat gaýtadan bäsleşer.

Saýlawlarda ýeňiji bolan kandidat, Owganystanda häkimiýetiň ilkinji gezek demokratiki usulda bir adamdan ikinji adama geçişi netijesinde, häzirki prezident Hamid Karzaýyň ornuna geçer.

Owganystanyň saýlawa gatnaşmaga hukugy bolan 12 million raýatynyň 7 milliondan gowragy, «Talyban» jeňçileriniň haýbatlaryna garaman, prezident saýlawlaryna gatnaşyp, seslerini berdi.

Öňdebaryjy kandidatlaryň üçüsi hem aýallaryň hukuklaryny goramagy, «Talyban» bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga çalyşmagy, Birleşen Ştatlar bilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmegi wada berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG